(Türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhynyň beýik taryhy eýýamlary we mukaddes Garaşsyzlygymyz barada söhbet)
Garaşsyzlyk» diýen düşünje türkmen halky üçin aýratyn mana eýe bolan gymmatly düşünjeleriň biridir. Ol beýik düşünje ähli babatda türkmen halkynyň alnyndan ak gün bolup dogdy. Milli mirasymyz, şanly taryhymyz, baý medeniýetimiz we sungatymyz babatda onuň gaýtaryp beren beýik mukaddesliklerini barmak basyp sanardan köpdür.