Ýaşlar — ýurdumyzyň geljegini gurujylar

10 Noýabr 2024
235

Hormatly Prezidentimiziň şu ýyl geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda: «Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýen ajaýyp sözleri bagtyýar raýatlarymyzyň her birine egsilmez ynam döredýär, belent maksatlara amal etmeklige borçlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz esasy maksada ýetmekde, ata Watanyň, halkyň bähbidi üçin beýik işleri amala aşyrmakda türkmen ýaşlaryna aýratyn bil baglaýar. Çünki hormatly Prezidentimiz özüniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda bagtyýar ýaşlara ata Watanymyzyň şöhratyny beýgeltmek, ony zähmet üstünlikleri bilen galkyndyrmak babatda ýol-ugur görkezýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bu asylly maksada amal etmekde, ýaşlary goldamakda, olaryň işjeňligini artdyrmakda möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnaly hem indi iki ýyldan bäri, ýaşlaryň döredijiligine goldaw bermek, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik işlere seslenmelerini, ýürek buýsançlaryny bagtyýar halkymyza ýetirmek babatda uly işleri alyp barýar.

Döwletgeldi DURDYMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary.