Halkara okuw maslahatlary hünärmenleriň tejribelerini artdyrýar

24 Noýabr 2024
198

Ýakynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gatnaşýan ýurtlar üçin serhetüsti sanly söwda boýunça sebitleýin okuw çäresi geçirildi. Oňa Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň dowamynda koreý hünärmenleri täze sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we uly maglumatlar akymlary bilen işlemek nukdaýnazaryndan, serhetleri döwrebaplaşdyrmak boýunça öz tejribelerini paýlaşdylar. Şeýle-de çäräniň dowamynda okuw maslahata gatnaşyjylar serhetüsti kagyzsyz söwda boýunça täze usulyýetler bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Mundan başga-da, okuw maslahata gatnaşyjylar gümrük gözegçiligini ýeňilleşdirmek barada pikir alyşdylar. Şeýle-de Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gatnaşýan döwletlerden gyzyklanma bildirýänleriň arasynda global söwdanyň hereketini ýönekeýleşdirmek üçin serhetüsti sanly söwdanyň esasy ýörelgelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şöhrat SEÝTIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, maýor.