21-nji noýabrda Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy geçirildi. Foruma iki ýurduň söwda, maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary, welaýat häkimleri, hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, şeýle çäreleriň geçirilmegi asylly däbe öwrülip, olar ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky mizemez dostlugyň güwäsi bolup durýar. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýärler. Ýokary derejede geçirilýän duşuşyklarda kabul edilýän çözgütler hyzmatdaşlyga täze itergi berýär. Şunda sebitara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şu maksat bilen, 2022-nji ýylda Buharada birinji Türkmen-özbek sebitara forumy üstünlikli geçirildi. Şu ýylyň iýulynda bolsa Daşkentde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisi guraldy.