«Bloomberg» neşiriniň täze düzen sanawyna laýyklykda, Ilon Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinjiligini saklamagyny dowam edýär. Geçen hepdäniň çarşenbe güni «Tesla» kompaniýasynyň esaslandyryjysynyň baýlygy 400 milliard amerikan dollaryndan geçdi. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň dowamynda onuň baýlygy 170 milliard amerikan dollary möçberde artdy. Bu hadysa «Tesla» kompaniýasynyň paýnamalarynyň gymmatlamagy bilen baglanyşyklydyr.
«Bloomberg» neşiriniň täze düzen sanawynda Ilon Maskdan soň Jeff Bezosyň (240 milliard amerikan dollary), Mark Sukerbergiň (215 milliard amerikan dollary), Larry Ellisonyň (202 milliard amerikan dollary), Bernard Arnonyň (174 milliard amerikan dollary), Bill Geýtsiň (166 milliard amerikan dollary) atlary gelýär.