Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz uglewodorod çig malynyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, dünýäde esasy energetika döwletleriň biri hökmünde ykrar edilýär. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasyny düzýän nebit-gaz pudagynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Uglewodorodlary gözlemek we çykarmak, nebitgazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň hilini we görnüşlerini artdyrmak bilen bir hatarda, döwletimiziň maýa goýumlarynyň agramly bölegi gaýtadan işleýän kuwwatlyklary, düzümi döwrebaplaşdyrmagyň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary ornaşdyrmagyň paýyna düşýär. Ýurdumyzyň kuwwatly serişdeler binýady energiýa serişdelerini durnukly ibermek üçin uzakmöhletleýin şertnamalary baglaşmaga esas berýär. Häzirki wagtda şeýle ylalaşyklar Türkmenistan — Russiýa, Türkmenistan — Hytaý we beýleki gazgeçirijileri boýunça hereket edýär.
Her ýylda onlarça million kub metr möçberde tebigy gaz ugradylýan Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň gurulmagy türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň üstünlige beslenýändigini aňladýar. Şeýle hem halkara gatnaşyklary tejribesinde bu taslama döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli we işjeň häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.