Dubaýda dünýäde iň uly syn ediş tekeri açyldy. Beýikligi 250 metr bolan bu attraksion emeli adada ýerleşýär. Oňa «Dubaýyň gözi» diýip at goýupdyrlar. Syn ediş tekerinde 48 kabina bolup, olaryň käbirinde kafeler ýerleşdirilipdir. Olarda bu ýere gelýän myhmanlaryň arkaýyn dynç almagy hem-de göwnejaý naharlanmagy üçin ähli şertler döredilipdir. Şeýle hem kabinalarda konferensiýa zallary, toý dabarasyny guramak üçin ýörite ýerler bar. Bu bolsa «Dubaýyň gözüniň» myhmanynyň ýetik boljakdygyndan habar berýär. Ýeri gelende aýtsak, syn ediş tekeri gije-gündiziň dowamynda hyzmatda bolar we bir öwrülişigi 38 minudyň dowamynda amala aşyrar.