Mü­sür­de tä­ze paý­tagt peý­da bo­lar

31 Oktýabr 2021
963

Mü­sür 2021-nji ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ýur­duň tä­ze ad­mi­nist­ra­tiw paý­tag­ty­ny aç­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Tä­ze paý­tagt tas­la­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­ýän Mü­sü­riň döw­let in­že­ner eda­ra­sy paý­tag­tyň ady­ny, özü­ne mah­sus bo­lan aý­ra­tyn­ly­gy­ny, şy­ga­ry­ny, şeý­le-de in­no­wa­si­ýa lo­go­ti­pi­ni saý­la­ma­gy ýur­duň ila­ty­na tek­lip et­di. Ra­ýat­lar tek­lip­le­ri­ni 18-nji no­ýab­ra çen­li ug­ra­dyp bi­ler­ler. Bar­lag ko­mi­te­ti tek­lip­le­ri to­par­la­ra bö­ler­ we öw­re­ner­.

Mag­lu­mat üçin, tä­ze paý­tag­tyň gur­lu­şy­gy 2015-nji ýyl­da baş­lan­dy. Tas­la­ma­nyň umu­my ba­ha­sy, tak­my­nan, ABŞ-nyň 45 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar­dyr. Şä­he­riň meý­da­ny 714 ine­dör­dül ki­lo­metr bo­lup, ol Kair­den 40 ki­lo­metr uzak­lyk­da ýer­leş­ýär. Tä­ze paý­tagt 6,5 mil­lion adam üçin ni­ýet­le­ni­len­dir, on­da mi­nistr­lik­ler, par­la­ment, döw­let gu­ra­ma­la­ry we eda­ra­la­ry ýer­leş­diriler.

Daýanç HOJAÝEW,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.