29-njy oktýabrda Söwda toplumynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň KA-nyň Geňeşiniň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ilkinji Demokratik partiýa guramasynyň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň 13-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de ene-mamalarmyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini, nesil terbiýesini wagyz etmek maksady bilen, maslahat geçirildi.
Tanyşdyrylyş dabarasyna hem-de wagyz-nesihat maslahatyna Söwda toplumynyň işgärleri gatnaşdylar. Dabarada Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň KA-nyň Geňeşiniň başlygy O.Işimowa, Söwda-senagat edarasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy M.Apbaýewa, Döwlet haryt çig-mal biržasynyň baş hünärmeni, KA-nyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy O.Öwezmyradowa, Döwlet haryt çig-mal biržasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy M.Allaberdiýewa, Ministrligiň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy B.Pirlekowa, şeýle-de Ministrligiň Başlangyç hünär okuw mekdebiniň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy O.Berdiýewa dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda Arkadagymyzyň peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň bu günki gün külli türkmen halkynyň göwün guşuny ganatlandyryp, ruhuny belende göterýändigi aýdyldy. Şeýle-de «Türkmenistan — parahatçlygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda berk bedenli, watan söýüji ýaşlaryň kemala gelmegini, halkymyzyň asudalygyny, jemgyýetimiziň mizemez esasy bolan maşgala ojaklarynyň mäkämligini gazanmak dogrusynda wagyz-nesihat işlerini geçirip durmalydygyny nygtadylar.