"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Diller – dostluk köprüsi

Watansöýüji, ylym-bilimde ýüki ýetik, ösen aň-düşünjeli, beden hem ruhy taýdan kämil ýaşlar ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň güwäsidir. Şu maksatdan ugur alnyp, soňky ýyllarda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaş nesliň dünýä dillerini öwrenmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi hem bu babatda möhüm ähmiýetlidir. Ýakynda Täze ýyl mynasybetli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebinde daşary ýurt dilleri hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň çäklerinde okuwçy-türgenler iňlis we rus dilleri boýunça bilim başarnyklaryny görkezdiler, şol halklaryň milli tagamlaryny taýýarladylar, milli medeniýetini tanyşdyrýan çykyşlary guradylar.

Futbol täzelikleri

Paýtagtymyzdaky «Sport toplumy» stadionynda geçirilen ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 30-njy tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygynda «Altyn Asyr» «Ahaldan» 1:0 hasabynda üstün çykdy. Ýeňiş gazanan toparyň goluny duşuşygyň 21-nji minutynda Röwşengeldi Halmämmedow geçirdi. Ýeri gelende bellesek, «Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl wagtyndan öň çempion boldy. Wladimir Baýramowyň tälim berýän topary çempionatyň dowamynda ýeke utuk hem ýitirmedi.

Ýe­ňiş­li ýol do­wam ed­ýär

­­«Arkadag» toparynyň futbolçylary möwsümiň dowamynda üçünji baýragyny gazandy. Ýokary ligadaky çempionlygynyň, Naýbaşy Kubogynyň üstüni ýurdumyzyň Kubogy bilen ýetirdi. Topar «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahaly» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşygyň ilkinji minutlarynda «Ahal» birnäçe hüjüm guramagy başardy. Öňde çykyş edýän Meýlis Diniýewiň, Magtymberdi Berenowyň hereketleri toparyň kapitany Elman Tagaýewiň oýny bilen sazlaşykly hüjüm guramaga mümkinçilik berdi. Bu ýagdaý 10 minut çemesi dowam etdi. Şondan soň oýnuň depgini birneme gowşady. Orta gürpde dowam eden duşuşykda ilkinji howply pursat 45-nji minutda döredi. Şikes alan Şamämmet Hydyrowyň ornuna meýdana giren Begmyrat Baýowyň çep gyradan jerime meýdançasyna geçiren topuna ilki ýetişen Begenç Akmämmedow hasaby açdy.

Il saglygy – ýurt baýlygy

Taryhy wakalara beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny, Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny, Türkmenistanyň immuno öňüni alyş boýunça 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny tassyklamak, Ilatyň derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegini kämilleşdirmek, Halkara sagaldyş dikeldiş merkezini, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini döretmek, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda onkologiýa hassahanalarynyň gurluşygynyň taslamalaryny maliýeleşdirmek hakynda Kararlara gol çekmegi döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň saglygy hakynda edilýän bimöçber aladanyň beýany bolup dabaralandy. Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäherinde «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp bina edilen desgalaryň hatarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Köpugurly hassahanasy, Arkadag şäheriniň Onkologiýa merkezi, Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, Tiz kömek merkezi, Saglyk öýi we sport maksatly desgalaryň onlarçasy bar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde: «... Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr» diýip belleýär. Arkadag şäheri sagdynlygyň w

Concern for the youth

The Japanese edition of the book ‘Ýaşlar – Watanyň daýanjy’ by the President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov has been published to provoke joy of the happy youth in our country. The President of Turkmenistan presented this literary work at the end of 2023. Over the past period, the book ‘Ýaşlar – Watanyň daýanjy’ has been published in several languages. To date, the publication of the wonderful work in the Japanese language gave an impetus to strengthening friendly and fruitful relations between the peoples of two countries.

Nobatdaky üstünlik

Ýokary okuw mekdebimiziň talyplaryndan ybarat bolan toparlaryň ýurdumyzda guralýan ýaryşlarda gazanýan netijeleri her birimizi diýseň buýsandyrýar. Tälimçi-mugallymlarymyzyň elinde ykjam türgenleşýän deň-duşlarymyzyň yhlasynyň ýerine düşmegi bilen, institutymyzyň «Talyp sporty» topary köplenç birinjiligi elden bermeýär. Ýaňy-ýakynda basketbol boýunça oglanlar toparymyz Türkmenistanyň çempionatyndaky netijeli çykyşyny jemledi. Institutymyzda geçirilen dartgynly ýaryşda talyp deň-duşlarymyz çempion bolmagyň hötdesinden geldiler. Geçiren duşuşyklarynyň ählisini şowly jemlemegi «Talyp sportunyň» ýeňişli ýolunyň dowam edýändigini görkezdi.

Sagdyn durmuşyň gözbaşy

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň peýdalydygy hemmämize mälim hakykatdyr. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň ähmiýeti bilen baglanyşykly geçirilen köp sanly barlaglaryň netijeleri sportuň peýdaly häsiýetleri babatda täze hakykatlary ýüze çykarýar. Dürli ýurtlarda geçirilen barlaglaryň netijeleri köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň toparlaýyn görnüşleriniň uzak ýaşamak babatda has ähmiýetlidigini görkezýär. Şu pikirden ugur alynsa, tennis, badminton, woleýbol, futbol ýaly sport görnüşleri ylgawdan, suwda ýüzmekden has peýdalydyr. Hatda sagaldyş maşklaryny köpçülik bilen bilelikde ýerine ýetirýän adamlaryň bedenterbiýe bilen ýekelikde meşgullanýanlara garanyňda ortaça 1,5 ýyl töweregi uzak ýaşaýandygy ylmy tejribeler tarapyndan tassyklanandyr. Beýik Britaniýada talyplaryň arasynda geçirilen barlaglaryň netijelerine laýyklykda, sportuň toparlaýyn görnüşleri bilen meşgullanýan ýaşlaryň ruhy taýdan has sagdyn bolýandygy ýüze çykarylypdyr.

Ta­ryh­da şu gün

«Ullewi» stadionynda «Frelunda» hem-de «Ferýestad» toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşyga 31144 tomaşaçy gatnaşypdyr. Üsti açyk stadionda geçirilen hokkeý duşuşyklaryndaky mundan öňki rekord Şweýsariýada goýlupdy. 2007-nji ýylda «Bern» hem-de «Lugano» toparlarynyň arasyndaky duşuşyga gelen tomaşaçylaryň sany 30076-a deň bolupdyr.

Bedenterbiýe we sport

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, Gökdepe etrabynyň bilim bölüminiň hem-de ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda küşt boýunça ýaryş geçirildi. Okuwçylary aň-paýhas oýnuna höweslendirmekde uly ähmiýete eýe bolan ýaryş çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Netijede okuwçy gyzlaryň arasynda 14-nji orta mekdepden Gülşirin, Oguljan Annaýewalar 1-2-nji orunlary eýelediler. Ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdepden Leýla Seýitmyradowa 3-nji orna mynasyp boldy. Oglanlaryň arasyndaky ýaryşda 18-nji orta mekdebiň okuwçysy Gurbanmyrat Döwletmyradow 1-nji orny eýelemegi başardy. 12-nji orta mekdepden Ýakup Bakyýew 2-nji, ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdepden Seýitmuhammet Çarymyradow 3-nji orunlary eýelediler.

Baýramçylyk dabarasy

Golaýda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Türkmen döwlet gurjak teatrynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygy tarapyndan kärhananyň merkezi diwanynyň işgärleriniň we edara-kärhanalaryň arasynda geçirilýän Spartakiadalara işjeň gatnaşýan türgenleriň gatnaşmaklarynda dabara geçirildi. Uly ruhubelentlige, joşguna beslenip geçirilen medeni çärede çagalar üçin «Şadyýan sazandalar» atly sahna oýny we «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar» atly aýdym-sazly tomaşa görkezildi.

Sazlaşykly ösüşleriň ýoly

Raýatlaryň saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden hem ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýän döwletimiziň asylly maksatlarynyň myradyna gowuşmagynda bedenterbiýe we sport ulgamyna möhüm orun degişlidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatarynyň yzygiderli artmagy, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň geriminiň giňemegi, türgenlerimiziň dünýäniň çar ýanynda geçirilýän halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegi Garaşsyz Watanymyzda sporty ösdürmek ugrunda döredilýän giň şert-mümkinçilikleriň ajaýyp miweleridir. Diýarymyzda soňky 15 ýyldan gowrak döwürde ýokary netijeli sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek ugrunda uzak geljegi nazarlaýan çuňňur oýlanyşykly işler durmuşa geçirildi. Paýtagtymyz Aşgabatda sebitde deňi-taýy bolmadyk ajaýyp Olimpiýa şäherçesi, Hazaryň merjen kenaryndaky gözel Awazada döwrebap sport toplumy, ýurdumyzyň ähli ilatly ýerlerinde häzirki zaman sport mekdepleri gurlup, ulanylmaga berildi. Okgunly ösüşlerimiziň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň nyşany hem-de kämilligiň nusgasy bolan Arkadag şäherinde-de innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen sport desgalary halkymyza hyzmat edýär. Türgenleşikleri ýokary hilli geçirmek hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary guramak üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleri özünde jemleýän k

Ar­ka­dag pä­hi­min­den gal­kyn­ýan sport

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda awtomobil sportuny ösdürmäge gönükdirilen asylly işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Türkmen türgenleriniň halkara awtoralli ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri hem bu işleriň aýdyň netijesidir. 19-njy dekabrda Gahryman Arkadagymyz Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere baryp, ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň içeri işler ministri Gahryman Arkadagymyza Awtomobil sport toplumynyň binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hasabaty kabul edip, ilki bilen, bu künjegiň özboluşly tebigatyny, ösümlik dünýäsini synlady. Bellenilişi ýaly, Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumy bina edilende, bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlyklaryna üns berilmelidir. Sähranyň özboluşly dünýäsi göz öňünde tutulmalydyr.

Abadan durmuşyň nusgalyk şäheri

Hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň tagallalary esasynda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp mekanda gurlan Arkadag şäheri kämilligiň nusgasydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherine Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragynyň we degişli güwänamalaryň berilmegi eziz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikleriň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini ýene bir gezek görkezdi. Halkymyzyň buýsanjyna öwrülen şäheriň hil dolandyryş ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar we gazanylýan üstünlikler üçin «Hil saýlawy – 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan işleriň nobatdaky halkara ykrarnamasydyr. Innowasion tehnologiýalary, ekologik abadançylygy babatda sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäherde ýaşaýjylaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi üçin hem ähli şertleriň döredilmegi bu ýeriň, hakykatdan-da, sagdynlygyň, bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň mekanydygyny tassyklaýar. Bu ýerdäki sport desgalarynyň ähli ölçegler babatda halkara ülňülerine doly laýyk gelmegi ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine döwlet derejesinde uly üns berilýändiginiň nyşanydyr.

Şöhratly taryhyň beýany

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň döreden hem-de häzirki nesillerimize miras galdyran milli gymmatlyklary, şan-şöhratly taryhynda uly yz goýan şahsyýetlerimiz hakynda söz açýan «Hakyda göwheri» atly täze kitaby «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Milli Liderimiziň täze kitabynyň many-mazmuny halkymyzyň ruhy hazynasyny baýlaşdyrýar. Ajaýyp kitapda Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy barada täsirli gürrüň berilýär. «Hakyda göwheri» buýsançly taryhymyzyň her sahypasynda dünýä nusgalyk ösüşlerimiziň hem-de açyşlarymyzyň bardygyna ünsümizi çekýär. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda: «Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr» diýip belleýär. Bu pikiriň çuňňurdygyna, uly many-mazmuna eýedigine buýsanýarsyň. Taryhy hakyda asyrlar, müňýyllyklar aşyp, heňňamlar dolansa-da, geljekki nesilleriň aňynda ata-babalarymyzdan miras galan egsilmejek ruhy baýlykdyr. Milli buýsanç ynsany bagtyýarlyga ýetirýän gymmatlykdyr.

Gym­mat­ly gol­lan­ma

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli düýpli ylmy-ensiklopedik kitabynyň nobatdaky XVI jildiniň neşir edilmegi geçip barýan ýylyň şanly wakalarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň ensiklopedik işi halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan okyjylar köpçüligi, lukmanlar, şeýle hem ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsini öwrenýän hünärmenlerdir talyplar üçin gymmatly gollanmadyr. Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylmy gözlegleriň netijelerine daýanýan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly eseri ýankitabymyza öwrüldi. Bu ylmy-ensiklopedik işinde Gahryman Arkadagymyz okyjylary dermanlyk ösümlikler bilen akademik nukdaýnazaryndan tanyşdyrýar. Olaryň suratlary, biologik aýratynlyklary, ösýän ýerleri, tebigy gorlary, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, taýýarlanyş we ulanylyş usullary baradaky maglumatlar yzygiderlilikde beýan edilýär.

Täze ýylyň şowhuny

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda guralan baýramçylyk gepleşiginde öz beýanyny tapdy Ýetip gelýän Täze ýyl baýramynyň bosagasyndaky günlerde ýurdumyzyň ähli sebitlerini baýramçylyk şowhuny gurşap alýar. 2025-nji ýyly mynasyp garşylamak maksady bilen ýaýbaňlandyrylýan dabaraly çäreler bolsa türkmen topragynda höküm sürýän baýramçylyk ruhuny goşalandyrýar. Golaýda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda guralan şowhunly baýramçylyk gepleşigi hem täze 2025-nji ýyla bagyşlandy. Ony Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilelikde gurady. Şowhunly baýramçylyk gepleşigi «Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly beýik ýurdumda, Täze ýylyň şowhuny bagt paýlaýar ilimde» diýen şygar astynda ýaýbaňlandyryldy.

Sagdyn nesil – röwşen geljek

Ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda şahsyýetiň kämilliginiň hem-de sagdyn jemgyýetiň gözbaşy hökmünde bedenterbiýä we sporta aýratyn ähmiýet berilýär. Sport bilen meşgullanýan ýaşlar durmuşda we jemgyýetde mynasyp orun tapyp, ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine goşant goşýarlar. Garaşsyz Watanymyzda döwrebap sport düzümlerini döretmek babatda dünýä nusgalyk işler amala aşyryldy. Bu günki gün ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde döwrebap enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen sport desgalary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri we merkezleri halkymyza hyzmat edýär. Ýurdumyzda mekdep ýaşyna çenli edaralaryňdyr umumybilim berýän mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ýaşaýyş toplumlarynyň taslamalary işlenip taýýarlanylanda, olarda sport düzümleriniň bolmagy hökmany talap hasaplanylýar. «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» diýen şygar astynda dürli ýaşdaky we kärdäki ildeşlerimiziň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşikler bolsa sagdyn jemgyýeti kemala getirmäge ýardam edýär.

Akyldaryň şygyrlarynda tebigatyň waspy

Halkymyz ähli döwürlerde ene topragy sarpalap, tebigata aýawly çemeleşipdir, onuň gözelliklerinden ylham hem-de ruhy güýç alypdyr. Şonuň üçin-de, söz ussatlarymyzyň şygyrlarynda tebigatyň gözelligi, onuň ynsan bilen arabaglanyşygy giňden beýan edilýär. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy hem türkmen tebigatynyň ajaýyplygyny, onuň syrlaryny öz goşgularynda çeper beýan edip, keremli mekanyň waspyny dünýä ýaýan söz ussadydyr. Akyldar şahyryň ynsanperwerlige ýugrulan filosofik garaýyşlary ynsanda Watana bolan söýgi, tebigata we onuň baýlyklaryna aýawly garamak hem-de geljekki nesiller üçin aýap saklamak ýaly asylly duýgulary döredýär. Tebigat, tebigy hadysalar bilen bagly setirler Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyr öz goşgularynda tebigatyň syrlaryny dana pikirleriň üsti bilen beýan etmegi başarypdyr. Tebigatyň kanunalaýyklygy esasynda bahar pasylynyň, Nowruzyň gelmegi bilen, topraga ýylylygyň girip, onuň ýagyş-ýagmyrdan ganýandygy, daş-töweregiň ýaşyl dona bürenip, ýaşaýşyň täzelenýändigi akyldaryň «Duman peýda» atly goşgusynda beýan edilýär:

Futbol täzelikleri

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň edara binasynyň ýerleşýän ýeri bolan Kuala-Lumpur şäherinde 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişlik dabarasy boldy. Onuň netijesinde Türkmenistanyň milli ýygyndysy «D» toparçada Tailandyň, Hytaý Taýbeýiniň hem-de Şri-Lankanyň milli ýygyndy toparlary bilen duşuşar.

Halypalar futbol meýdanynda

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde sport ýurduna öwrülen eziz Watanymyzda halypa-şägirtlik ýoly giň gerimde dowam etdirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň esasynda türkmen türgenleri öz döwründe netijeli çykyş eden halypalar bilen egin-egne berip türgenleşik işlerini geçmäge mümkinçilik alýarlar. Ine, ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen «Nebitçi» futbol klubunyň guramagynda Balkan welaýatynyň hem-de paýtagtymyzyň halypa futbolçylarynyň arasynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygy hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň dowamy boldy. Balkanabat şäherindäki «Sport toplumy» stadionyna ýanaşyk futbol meýdanynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli guralan ýoldaşlyk duşuşygy köp sanly futbol janköýerleriniň ünsüni özüne çekdi. Şeýle bolmazça hem däldi, çünki şol gün türkmen futbolynyň taryhynda yz goýan halypa futbolçylar duşuşýardylar. Janköýerlere öz söýgüli futbolçylary bilen pikir alyşmaga, dürli maslahatlary diňlemäge hem mümkinçilik döredildi.