Paýtagtyň sport durmuşyndan

26 Iýul 2024
154

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de gö­zel paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­rin­de hem-de we­la­ýat­la­ry­myz­da gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýän sport mek­dep­le­ri­dir sport des­ga­la­ry­nyň be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek­de uly äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny buý­sanç bi­len bel­le­mek bo­lar. Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň Tä­ze za­man be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş top­lu­my­ny gör­kez­mek bo­lar. Bu aja­ýyp sport top­lu­my şeýle desgalaryň biridir. Bu ýerde 4 açyk sport meý­dan­çasy, şonça-da ýa­pyk sport zaly he­re­ket ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da spor­tuň dzýu­do, sam­bo, sö­weş sam­bo­sy, er­kin gö­reş, kik­boks, fut­bol we uly ten­nis gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça tür­gen­le­şik­le­re ýaş­lar uly hö­wes bi­len gat­naş­ýar­lar.

Ka­şaň iri des­ga­la­ryň ha­ta­ryn­da my­na­syp orun eýe­le­ýän döw­re­bap sport mek­dep­le­ri we sport des­ga­la­ry ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­ri­mi­zi di­ňe bir be­den taý­dan däl, eý­sem, ru­hy taý­dan hem ter­bi­ýe­le­mek­de, ýaş­lar­da mak­sa­daok­gun­ly­ly­gy, tu­tan­ýer­li­li­gi, öz­le­ri­ne hem-de üs­tün­lik­le­re bo­lan yna­my ke­ma­la ge­tir­mek­de we ös­dür­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýedir.