Türk­meniň mil­li oýun­la­ry — terbiýe mekdebi

12 Iýul 2024
346

Ga­dym dö­wür­ler­den bä­ri türk­men hal­ky ça­ga ter­bi­ýe­si­ni he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­lap ge­lip­dir. Ene-ata­la­ryň her bi­ri öz ça­ga­sy­nyň sag­dyn, berk be­den­li, bi­lim­li, so­wat­ly, ru­hy hem fi­zi­ki taý­dan ösen şah­sy­ýet bo­lup ýe­tiş­me­gi­ne örän uly äh­mi­ýet be­rip­dir, bu me­se­lä dün­ýä­dä­ki iň wa­jyp ze­rur­lyk hök­mün­de ga­rap­dyr. Türk­men hal­ky mil­li ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny asyr­la­ryň do­wa­myn­da baý­laş­dy­ryp, has-da kä­mil­leş­di­rip, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ýe­ti­rip­dir. Uly ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýe­ti bo­lan mil­li oýun­lar hem baý mi­ra­sy­my­zyň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir.

Türk­men hal­ky­nyň me­de­ni we ru­hy baý­ly­gy­nyň sal­dam­ly bö­le­gi bo­lan türk­men mil­li oýun­la­ry en­çe­me asyr­la­ryň do­wa­myn­da dö­räp­dir we kem-kem­den kä­mil­le­şip­dir. Olar asyr­lar­bo­ýy dur­mu­şy­my­zyň be­ze­gi bo­lup, hal­kyň ru­hy-me­de­ni is­leg­le­ri­ni kanagatlandyrmaga, dur­mu­şy­ny ýe­ňil­leş­dir­mä­ge ýar­dam edip­dir. Şo­ňa gö­rä-de, adam­lar bu oýun­la­ryň has gy­zyk­ly­la­ry­ny, peý­da­ly­la­ry­ny we çuň ma­ny­ly­la­ry­ny ne­sil­den-ne­si­le ge­çi­rip, şu gün­le­re ýe­ti­rip­dir­ler. Hä­zir­ki dö­wür­de hem toý-baý­ram­la­ry­my­zyň be­ze­gi bo­lan mil­li oýun­la­ry­myz, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we hormatly Prezidentimiziň üns-ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de tä­ze rö­wüş­de ös­dü­ril­ýär.

Eje­gül ATA­BA­ÝE­WA,
We­kil­ba­zar et­ra­by­nyň 35-nji or­ta mek­de­bi­niň mü­di­ri­niň okuw iş­le­ri bo­ýun­ça orun­ba­sa­ry, KA-nyň iş­jeň ag­za­sy.