"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Türkmenistan – sport ýurdy

Türkmenistan – sport ýurdy. Bu jümläniň Ýer ýüzünde uly ykrarnama eýedigine ýurdumyzda dürli ýyllarda guralan iri halkara ýaryşlaryň hem-de döwletimiziň öňe süren umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Dünýäniň çar künjeginden müňlerçe janköýerleriň ünsüni eziz Diýarymyza gönükdiren şol ýaryşlar, sporty, sagdyn durmuş ýörelgesini dabaralandyrýan başlangyçlar yklymlary, halklary ýakynlaşdyrmak bilen birlikde, sportuň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şöhratly wakalardyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň halkara sport abraýy täze derejelere ýetdi. Dünýäde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge ukyply ýurt hökmünde ykrar edilen ata Watanymyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejedäki bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi sport boýunça özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň ajaýyp nyşanydyr» diýen dürdäne sözleriniň uly ykrarnama eýe bolan hakykatdygyna biz ýurdumyzda geçirilen ýaryşlara gatnaşanlaryň we sport muşdaklarynyň hoşallyklara beslenen sözlerini diňlänimizde hem aýdyň şaýat bolýarys.

Galkynýan göwünleriň goşa ganaty

Toýlaryň toýlara, baýramlaryň baýramlara ulaşýan döwründe ýaşamagyň, okamagyň, işlemegiň, döretmegiň, gurmagyň özi uly bagtdyr. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen uly ösüşlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýatdan çykmajak dabaralara besleýän baýramlarynyň biri-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir. «Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzyň medeni durmuşynda şanly waka – Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly bellenilýär. Bu goşa baýramyň bilelikde bellenilmeginiň özboluşly manysy bardyr. Magtymguly Pyragynyň belent daglardan şaglap gaýdýan boz bulaklar ýaly arassa duýgulara, arşy belentlige göterilen beýik pikirlere baý edebi mirasy çeper döredijilik bilen meşgullanýan medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, suratkeşler, heýkeltaraşlar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar, artistler üçin nusgalyk mekdepdir» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Şu sözlerden hem görnüşi ýaly, Magtymguly Pyragy döredijilik işgärleri, medeniýet we sungat ulgamynyň wekilleri üçin ýol görkeziji şamçyragdyr, görelde mekdebidir.

Okuw-mas­la­hat ge­çi­ril­di

Ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­lik­le­ri­niň hü­när­men­le­ri­niň, sport mek­dep­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, spor­tuň gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça tä­lim­çi-mu­gal­lym­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da on­laýn gör­nü­şin­de okuw-mas­la­hat ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň ki­çi mej­lis­ler za­lyn­da gu­ra­lan mas­la­ha­ty ko­mi­te­tiň sport mek­dep­le­ri­niň işi­ni we sport çä­re­le­ri­ni gu­ra­mak bö­lü­mi­niň baş­ly­gy Ju­ma Ju­ma­ýew aç­dy. Soň­ra Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň be­den­ter­bi­ýe we gim­nas­ti­ka ka­fed­ra­sy­nyň uly mu­gal­ly­my Döw­ran My­ra­dow Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­ry­hy, äh­mi­ýe­ti hem-de türk­men tür­gen­le­ri­niň bu oýun­la­ra gat­naş­ma­gy bo­ýun­ça çy­kyş et­di.

Sagdyn durmuş ýörelgesi dabaralanýar

Eziz Diýarymyzda sportuň, bedenterbiýäniň hem-de ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy ilatyň saglygy, sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik hemrasyna öwürmegi ugrundaky netijeli işleriň özenini düzýär. Şeýle ähmiýetli ädimler bu ugurlaryň sazlaşykly ösüşini şertlendirýär. Munuň özi adam hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlän türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletli tutumlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändiginden habar berýär. Ýurdumyzda guralýan dünýä we yklym derejesindäki abraýly ýaryşlaryň hem ähmiýeti uludyr. Çünki şeýle bäsleşikler diňe bir türkmen sportunyň halkara giňişligindäki ornuny pugtalandyrmagynda möhüm mazmuna eýe bolman, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, bu ugruň ösüşiniň mizemez binýadyny kemala getirmekde hem diýseň düýpli ädimdir. Ata Watanymyz şeýle iri sport baýramçylyklaryny geçirmekde baý tejribä eýe bolan ýurtlaryň biri hökmünde tutuş dünýäde uly abraýdan peýdalanýar.

Abraýly ýaryşyň medallary

Türkmenistanyň adaty karate boýunça milli ýygyndy toparynyň türgenleri Merkezi Aziýanyň çempionatynyň 4 altyn, 3 kümüş hem-de 2 bürünç medallaryna mynasyp boldular. 8 – 16-njy iýun aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen bu ýaryşa 5 döwletden 300-e golaý türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 12 türgen wekilçilik etdi.

Sport mekdeplerinde

Eziz Diýarymyzda ýaş nesliň nurana geljegini üpjün etmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Bedenterbiýe we sport ýaşlaryň ähli babatda kämillige ýetmeginiň, durmuşda mynasyp ornuny tapmagynyň esasy serişdeleriniň biridir. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap sport düzümleri döredilýär. Ak şäherimiz Aşgabadyň çägindäki sport mekdeplerinde we beýleki iri sport desgalarynda ildeşlerimize, aýratyn-da, ýaşlara sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň şertler üpjün edilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalary bolsa beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde ýaş nesliň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynyň ähmiýetini wagyz-nesihat etmekde netijeli çäreleri alyp barýarlar.

Talyp türgenimiziň üstünligi

Ýurdumyzyň sport älemindäki üstünliklerine mynasyp goşant goşup gelýän ýaş dzýudoçy Serdar Rahymow ýokary okuw mekdebimiziň göreldeli talyplarynyň biridir. Ol ýakynda Duşenbede geçirilen Uly tuwulga ýaryşynyň dünýä tapgyrynda altyn medala mynasyp bolmak bilen, türkmen sportunyň taryhynda ajaýyp netije gazandy. Täjigistanyň paýtagtynda guralan bu abraýly bäsleşikde Olimpiýa oýunlarynyň hem-de dünýä çempionatlarynyň baýrak eýeleriniň çykyş edendigini hem bellemek gerek. Talyp türgenimiziň olaryň arasynda hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykmagy guwandyryjydyr. 66 kg agramda çykyş eden Serdar Rahymow bäş tutluşyk geçirip, ählisini öz peýdasyna tamamlady. Netijede ol kadetleriň arasynda Aziýa Kubogy — 2019-nyň kümüş medalçysy B.Ulziibaýarany (Mongoliýa), Panamerikan oýunlary — 2023-niň wise-çempiony Ž.Fraskadorany (Kanada), Bakuwda geçen Uly tuwulga — 2022-niň kümüş medalynyň eýesi M.Halifaýewi (Täjigistan), ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa Kubogy — 2019-nyň ýeňijisi B.Wajiýewi (Özbegistan), soňky ýyllarda geçirilen abraýly ýaryşlaryň birnäçe gezek baýrak eýesi O.Jebowy ahmyrda goýdy.

Futbol täzelikleri

Ma­laý­zi­ýa­nyň Kua­la-Lum­pur şä­he­rin­de 2025-nji ýyl­da Hy­taý­da ge­çi­ril­jek 20 ýa­şa çen­li ýaş­lar ýy­gyn­dy­la­ry­nyň ara­syn­da­ky fut­bol bo­ýun­ça Azi­ýa­nyň ku­bo­gy­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­nyň bi­je­le­ri çe­kil­di. Bi­je çe­kiş­li­giň ne­ti­je­si­ne gö­rä Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­lar ýy­gyn­dy­sy (U20) «I» to­par­ça­da bäs­le­şer. Türk­men fut­bol­çy­la­ry bu to­par­ça­da Ýa­po­ni­ýa­nyň, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň (ýer eýe­le­ri) we Mýan­ma­nyň ýy­gyn­dy­la­ry bi­len du­şu­şarlar.

Gujurly gollar

Şol günler paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynyň agyr atletika zaly adatdakydan köp adamly boldy. Bu ýere gelenler pauerlifting we armrestling – el göreşi boýunça geçirilen şäher çempionatynyň çekeleşikli bäsleşikleriniň şaýady boldy. Berkarar döwletimizde sport ulgamynyň ösüşine uly üns berilmegi netijesinde bu sport görnüşleri-de köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Bu çempionat hem onuň aýdyň mysalyna öwrüldi. Ýeri gelende aýtsak, pauerlifting – üç güýjüň bäsleşigi diýmegi aňlatsa, armrestling sözi gol, el göreşi diýmekdir. Diňe paýtagtymyzyň çäginde «Atletika» sport klubuna degişli zallarda, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 14-nji sport mekdebinde, Aşgabat Energetika orta mekdebiniň ýöriteleşdirilen zalynda bu sport görnüşleri hereket edýär. Türkmenistanly türgenler diňe bir ýurt derejesinde däl, eýsem, halkara ýaryşlaryna-da gatnaşyp, medally orunlary eýeleýärler. Bu ugurda tejribeli türgenleriň ençemesi zähmet çekýär. Şu ýerde pauerlifting, armrestling ýaly täsin we gyzykly sport görnüşleriniň ençemesiniň meşhurlyga eýe bolmagynda uly iş bitiren halypa tälimçiler, sport ussatlary Ahmet Pirowowyň, Igor Zeýnalowyň atlaryny belläp geçsek ýerlikli bolar.

Geldi Poşa pälwan

Ahal ýaýlasynyň Gökdepe etrabynyň gadymy Gökdepe (häzirki Tagan Baýramdurdyýew adyndaky geňeşliginde) obasynda 1946-njy ýylyň 12-nji fewralynda Berdimyrat Amandöwlet oglunyň maşgalasynda oglan bäbejik dünýä inýär. Oglanjyga Geldimuhammet diýip at dakýarlar. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda ýarygije Aşgabat şäherinde we onuň töwereklerinde bolan güýçli ýertitremesinde heniz iki ýaşyny hem doldurmadyk Geldimuhammet kyblasyny ýitirýär. Berdimyrat kiçijik wagtlary posalajyk çaga bolansoň, ene-atasy oňa: «Posalajygym, posalajygym...» diýip, söýgülemegi bilen onuň ýörgünli ady «Poşa» bolup galyberýär. Şeýlelikde, onuň nesil ýaýrawynyň hem familiýasy Poşaýewler bolýar. Geldimuhammet doganlary Han, Nabat, Ejegyz we Ogulgerek dagy bilen ejesiniň elinde terbiýelenip, kemala gelýär. 1953-nji ýylda bolsa, ýedi ýaşly oglanjyk käbesinden hem jyda düşýär. Kakasynyň Poşa ady onuň adynyň yzyna goşulyp, halk arasynda ýörgünli ady Geldi Poşa bolýar.

Talyplar futzal meýdançasynda

Ýakynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp toparlarynyň gatnaşmagynda Halkara Olimpiýa güni mynasybetli «Olimpiýa ýörelgeleri bagtyýar ýaşlary belent maksatlara ruhlandyrýar» ady bilen futzal ýaryşyna badalga berildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän ýaryşyň baş baýragy ugrunda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň futzal toparlarynyň 12-si bäsleşýär. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda geçirilýän ýaryşyň ýeňijisi 23-nji iýunda belli bolar.

«Dürdänedäki» şatlykly günler

Tomusky dynç alyş möwsüminde bagtyýar çagalaryň döwrebap dynç almagy, wagtlaryny peýdaly, şadyýan geçirmegi üçin ýurdumyzda hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem şolaryň biridir. Dag etegindäki ajaýyp tebigatly, sapaly howaly ýerde gurlan merkeziň daş-töweregi bagy-bossanlyga bürenendir. Çagalaryň şatlykly sesleri uzaklardan eşidilýär. Olaryň bir topary sportuň dürli görnüşleri, birnäçesi oýun oýnamak, kitap okamak bilen meşgullanýarlar. «Dürdänede» sport meýdançasy, kinozal, mejlisler zaly, amfiteatr, kitaphana, naharhana we suw howuzlary çagalaryň hyzmatynda. Bu ýerdäki ene-atalara niýetlenilen myhmanhana hem amatly şertler bilen üpjün edildi.

Stol tennisi hakynda

Stol tennisi soňky ýyllarda, esasan hem, ýaşlaryň arasynda örän ýörgünlidir. Sportuň bu görnüşi boýunça ýaryş ýekeleýin, jübütleýin we garyşyk toparlaryň arasynda guralýar hem-de köp ýurtda «ping-pong» ady bilen meşhurdyr. Olimpiýa sportunyň bir görnüşi hasaplanylýan stol tennisi ýapyk binada oýnalýar, onuň dörän ýeri Hytaýdyr. Häzirki wagtda onuň Hytaýyň milli sport görnüşi hasaplanylmagy-da şondan gözbaş alýar.

Taryhda şu gün

Görkezýän oýny hakykatdan hem öz döwründen ep-esli öňe saýlanan Pol ýaryş wagty islendik küştçä pyýada malynyň birini şeýle berip goýberer eken. Haçan-da, ol 1958-nji ýylda küşt oýnuny geçirmek üçin Angliýa gelende hiç kimiň onuň bilen duşuşyk geçiresi gelmändir. Şonuň üçin ol özi bilen duşuşyk geçirmäge razylyk berenler bilen oýny tagta seretmezden geçirmeli bolupdyr. Şonuň ýaly duşuşyklaryň birinde, has takygy, Birmingem şäherinde geçirilen küşt agşamynda ol tagta seretmezden birbada alty duşuşyk geçiripdir. Şol döwürler täsin görlen bu duşuşyklaryň altysy Poluň peýdasyna tamamlanypdyr. Bir duşuşygy deňme-deň oýnan küştçi bir tagtada ýeňlişini boýun alypdyr. Onuň yzysüresi Parižde geçiren duşuşyklarynda ol netijesini has-da gowulandyrypdyr. Şol gezek onuň çykyşy alty ýeňiş hem-de iki deňlik bilen tamamlanypdyr.

Bedenterbiýe we sport

Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Türkmenistanyň Milli şaşka merkezi, Balkan welaýat ýöriteleşdirilen şaşka sport mekdebi bilen bilelikde guramagynda Balkanabat şäheriniň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda şaşka boýunça bäsleşik geçirildi. Çekeleşikli geçen ýaryşda «Türkmennebit» geofizika müdirliginiň «Goturdepe» önümçiliginiň hojalyk bölüminiň hünärmeni Umyt Hydyrow 1-nji orny eýeledi. «Türkmennebit» geofizika müdirliginiň pudaklaýyn harbylaşdyrylan goragynyň birleşdirilen otrýadynyň işgäri Baýrammyrat Täşliýew 2-nji, «Goturdepe» tilsimat ulaglar müdirliginiň mehanigi Azat Kiçigulow 3-nji orunlara mynasyp boldular. Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda Balkanabat şäheriniň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda geçirilen küşt boýunça ýaryşda Lukman Melikow, Tahyr Geldiýew hem-de Wadim Kubrakow dagy öňdäki orunlary eýeledi. Ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolan işgärler guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Ösüş-özgerişleriň, üstünlikleriň rowaç alýan döwri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň netijesinde uly ösüşlere, taryhy üstünliklere beslenýär. Bu hakykat «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen bäş aýynda gazanylan durmuş-ykdysady görkezijileriň mysalynda hem öz subutnamasyna eýe bolýar. 7-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren, şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem muňa bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdik.  «Ýurdumyzda halkyň saglygyny berkitmek, ýaşlary sporta çekmek arkaly beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek, Olimpiýa hereketini, ösen milli sport ulgamyny rowaçlandyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar» diýip nygtaýan döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda ýetilýän belent sepgitler, durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler hem rowaçlyklara beslenýär.

Gymmatly çeşme

Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen buýsançly ady göterýän ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy şanly ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Änew medeniýetiniň üstüniň açylmagy diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş gadymy Gündogaryň ekerançylyk medeniýetiniň taryhyny öwrenmekde-de uly ähmiýete eýe bolupdyr. Eserde pederlerimiziň gurmak, döretmek ýaly sogaply işleriniň, ynsanperwer ýörelgeleriniň many-mazmuny taryhy wakalaryň, ylmy garaýyşlaryň üsti bilen giňden beýan edilýär. Eseriň «Taryhy birleşdirýän uly wakalar» atly babynda bellenilişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip at berlen 2024-nji ýylda ýurdumyzyň taryhynda ähmiýetli orun alan Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, dünýäde meşhur şahsyýet, akyldar türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýokary derejede bellenilmegi türkmen taryhynyň umumylyklaryny baglanyşdyrýar, Watan hakyndaky garaýyşlary baýlaşdyrýar.

Arkadag şäheri – geljegiň şäheri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gurmak, döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Dünýä ülňülerine kybap gelýän ýaşaýyş jaýlary, ak mekdepleridir çagalar baglary, döwrebap enjamlaşdyrylan edara-kärhanalary we beýleki möhüm ähmiýetli desgalary bilen sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» Arkadag şäheri munuň aýdyň beýanydyr. Gysga döwürde gojaman Köpetdagyň eteginde peýda bolan «akylly» şäher halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin bina edilen ýaşaýyş jaýlarynyň giden hatary, döwrebap awtomobil ýollary, ajap seýilgähleri bilen gözüňi dokundyrýar. Belläp geçsek, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň gerimli çäreler geçirildi. 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäheriniň dabaraly ýagdaýda açylmagynyň bir ýyllygy golaýlap gelýär. Häzirki wagtda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Döwlet ähmiýetli «akylly» şäher bedew bady bilen ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ýagty geljegini nazarlap günsaýyn ösýär we özgerýär.

Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary

Ýurdumyzda geljekki nesilleriň bilimli bolmagy, sagdyn ösmegi, döwrebap durmuş şertlerinden peýdalanmagy barada döwlet Baştutanymyz uly alada edýär. Ýaş nesliň sazlaşykly ösüşi we bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugrudyr. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegini berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhunda terbiýelenýän, döwrebap bilim-terbiýe alýan ýaş nesilde görýär. Hemmetaraplaýyn kämil perzent öz-özünden döremeýär. Çaga ýaşlykdan bilim-sowat öwretmeli. Hünäre, durmuşa ugrukdyrmaly. Terbiýäniň manysy bolsa, çaga öňden ykrar edilen jemgyýetçilik we ruhy ahlak gymmatlyklaryny siňdirmekdir we ony jemgyýete peýdaly şahsyýet edip ýetişdirmekdir. Türkmen öz perzendiniň watansöýüji edep-ekramly, maksadaokgunly bolup ýetişmegi üçin uly alada edýär.

Aşgabat – sport ýurdunyň paýtagty

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Aşgabat şäheri halkara duşuşyklaryň we forumlaryň, şol sanda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ýakynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde paýtagtymyzyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip ykrar edilmegi merjen şäherimiziň halkara abraýyny has-da beýgeldýär. Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täzeçil şähergurluşyk strategiýasynyň netijesinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport toplumlary, köpugurly stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri yzygiderli gurulýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, halkara guramalar we dostlukly döwletler bilen sport hyzmatdaşlygyny alyp barýan ýurdumyz sport arkaly halklary parahatçylyga, agzybirlige, ösüşe çagyrýar.