"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Sagdyn durmuşa sarpa

Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan ajaýyp zamanasy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen döwletiň, jemgyýetiň mähriban halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak ýakymly wakalara beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabrynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler. Oňa il sylagly ýaşulular, mährem eneler hem ýaşlar gatnaşarlar. Ýaşlar — biziň geljegimiz. Biziň ýokary okuw mekdebimiziň bagtyýar talyp ýaşlary hem bilimler dünýäsine çuňňur aralaşmak bilen, baş baýramymyzy özboluşly sowgatly garşylaýarlar.

Baýrama bagyşlanan bäsleşik

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär tehniki okuw mekdebiniň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap geňeşi bilen bilelikde guramagynda talyp ýaşlaryň arasynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli sportuň birnäçe görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi.  Bäsleşikler çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Esasan hem sportuň şaşka görnüşi boýunça guralan bäsleşik talyplaryň köpsanlysyny özünde jemledi. Onuň jemi boýunça baş baýraga okuw mekdebimiziň 1-nji ýyl talyby Şatlyk Nazarow mynasyp boldy. Ikinji, üçünji orunlary okuw mekdebimizde bilim alýan Aýnur Agaýewa bilen Aksoltan Ataýewa eýelediler. Bäsleşigiň ahyrynda guralan dabarada ýeňijiler guramaçylar tarapyndan taýýarlanan sowgatlar bilen sylaglandylar.

Ýollarymyz rowan – geljegimiz dowam

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar bilen ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň geçirilmegi, ilkinji nobatda, eziz Diýarymyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygyny gorap saklamak bilen baglanyşykly asylly maksatdan ugur alýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygy barada düşündiriş işlerini geçirmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Bu biraýlygyň geçirilmegi aýratyn mana eýedir. Şu döwürde birnäçe sport çäreleri, welosiped ýaryşlary, esasan-da, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde düşündiriş işleriniň alnyp barylmagy öz oňyn netijelerini berýär. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri bilen bilelikde geçirilýän çärelerde ýol hereketiniň kadalary barada giňişleýin durlup geçilýär.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Golaýda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumy bilen bilelikde guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ak ýollarymyzyň abatlygy ugrunda durmuşa geçirýän beýik işler uly buýsanç bilen bellenildi.  Munuň özi Watanymyzda iň uly baýlyk hasaplanýan ynsan hakyndaky aladanyň ilkinji orunda durýandygyny tassyklaýar. Wagyz-nesihat duşuşygynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri Abadan Berdiýewa, Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň 4-nji bölüminiň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory Juma Pygyýew dagy çykyş edip, ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilmelidigini, munuň saglyk hakyndaky aladanyň möhüm bölegidigini nygtady. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Hanaly Baýramowyň, Saglygy goraýyş işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy Parahat Kakajaýewiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Baýmyrat Döwletgeldiýewiň täsirli söhbeti bu ýerde edilen çykyşlaryň üstüni ýetirdi.

Parahatçylygyň we dostlugyň rowaçlanmagy

Gahryman Arkadagymyzyň: «Biz döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde türkmen sportuny dünýä derejesinde ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy rowaçlandyrýan sport diplomatiýasyna aýratyn uly ähmiýet berýäris» diýen dürdäne sözleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň kalplara nur çaýýan ajaýyp hakykatydygyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 8-nji sentýabrynda bolup geçen taryhy wakanyň mysalynda ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik. Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. ...Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Hormat garawuly nyzama düzüldi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Gahryman Arkadagymyza gül desseleri gowşuryldy.

Şöhrata beslenen ýyllar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurmak, döretmek, sagdyn, eşretli durmuşyň hözirini görmek bagtyna eýe bolan zähmetsöýer halkymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly senesini uly üstünlikler bilen garşy alýar. Taryhy jähetden alanyňda, örän gysga döwür bolan 33 ýylyň içinde asyrlara barabar beýik işler, taryhy özgertmeler amala aşyrylan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşleriň, üstünlikleriň täze belentliklerini nazarlaýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk ulgamynyň hem döwrebap derejede kämilleşdirilýändigini bellemek gerek. Çünki berkarar döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşynda ýaýbaňlandyrylýan demokratik özgertmeler, pudaklarda uly ösüşleriň gazanylmagy milli kanunçylyk binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Şol esasdan, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny doly berjaý etmek maksatlaryndan ugur alnyp öňe sürülýän başlangyçlar uly üstünlikler bilen durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, ähli ulgamlaryň ösüşli ýoluny öňküdenem pugtalandyrmak bilen bagly meseleleriň çözülmegine aýratyn uly üns berilýär.

Astanadaky üstünlik

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde dünýäniň 91 döwletinden 3 müňe golaý türgeni bir ýere jemlän Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy türgenlerimizi täze ýeňişleri gazanyp, Watanymyzyň Döwlet baýdagyny belentde parlatmaga ruhlandyrdy. Türkmenistanly türgenler, esasan, kuraş we alyş göreşi boýunça geçirilen ýaryşlarda tapawutlandylar. Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Annagurban Allaberdiýew Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynda alyş göreşi boýunça 90 kilogram agram derejesinde çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy. Ildeşimiz öz agram derejesinde dünýäniň 19 döwletinden gelen garşydaşlary bilen güýç synanyşyp, aýgytlaýjy duşuşykda özbegistanly türgeni ýeňdi we altyn medala eýe boldy.

Täze taryhy eýýamyň tutumlary

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda gazanylýan uly ösüşler, ýetilýän belent sepgitler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryha altyn harplar bilen ýazylmagyny üpjün edýär. Bu ösüşleredir sepgitlere bolsa diňe il agzybirliginiň, ýurt parahatçylygynyň, agzybirlikli hem döredijilikli zähmetiň netijesinde ýetip bolýar. Agzybirligiň, parahatçylygyň, halkyň eşretli durmuşyny üpjün edýän beýik işleriň geljekde hem dowamat-dowam bolmagyny, has-da pugtalanmagyny gazanmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň aýratyn uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem bu hakykaty ýene bir ýola subut eder. Döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça geljekde alnyp barylmaly işler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrunda öňde durýan wezipeler we durmuş-ykdysady ösüşiň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyljak mejlis türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam edip gelýän demokratik ýörelgeleriniň döwrebap derejede rowaçlyklara beslenýändigini ýene bir ýola görkezer.

Döwletlilik ýörelgeleriniň dabaralanmagy

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň abadançylygynyň, asudalygynyň, halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen beýik işler, döwletli tutumlar rowaçlyklara beslenip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäre – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bu rowaçlyklaryň has-da öňe ilerlemeginde uly ähmiýete eýe bolar. Halk Maslahatynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçiriljek mejlisi paýhasly pederlerimiziň döwletlilik ýörelgelerinden gözbaş alýan demokratik ýörelgelerimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüler. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini, eziz Diýarymyzy has-da gülledip ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakda, il agzybirligini, ýurt parahatçylygyny pugtalandyrmakda Halk Maslahatynyň örän uly ornunyň bardygy hemmämize mälimdir. Şol esasdanam, bagtyýar halkymyz nobatdaky maslahata ýokary derejede taýýarlyk görýär, bu ugurda wagyz-nesihat çäreleri gyzgalaňly alnyp barylýar.

Sport we ýaşlar

Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwletimiz ýaş nesle bilim bermek, onuň döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmak, ýaşlaryň saýlap alan hünärlerine eýe bolmagy, ylym bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döretmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berýär. Döwletimiziň ýaş nesilleri hemmetaraplaýyn goldamagynyň, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagynyň kepili bolup durýar. Bu babatda «Türkmenistanda 2021—2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň çäginde bedenterbiýe we sport ugrunda gazanylan üstünlikleri, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ähmiýetini düşündirýän wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Sagdyn jemgyýeti berkarar etmegiň ilkinji şertleriniň biri-de sporty, bedenterbiýäni, saglygy goraýşy ýaýbaňlandyrmakdyr. Türkmenistanda sporty goldamak we ilatyň saglygyny berkitmek, zyýanly endiklere garşy göreşmek, ösüp gelýän nesli sporty söýmek, halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny kemala getirmek hem-de türkmen milli sportuny dünýä derejesinde ýokary götermegiň ygtybarly esaslaryny döretmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Sagdyn terbiýäniň gözbaşy

Türkmen halkyna üç ýüz ýyl bäri ruhy şamçyrag bolup hyzmat edip gelýän şygyrlary döreden Magtymguly Pyragy taryhda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetleriň biridir. Akyldaryň gymmatly öwüt-ündewleri halkymyzyň milli terbiýeçilik mekdebiniň binýadyny emele getirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy şahyryň döredijiligine goýulýan hormat-sarpa has-da artýar. Çünki akyldaryň şygyrlary ýaşlarda watançylyk duýgusyny, ynsanperwerlik we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny terbiýelemäge ýardam edýär. Häzirki döwürde maşgalada we jemgyýetde ýaş nesle bilim hem terbiýe bermekde gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý milli mirasymyz giňden peýdalanylýar. Ýaş nesliň ruhy hem beden taýdan sagdyn bolmagy, olaryň umumadamzat gymmatlyklaryna hormat goýýan ynsanlar bolup ýetişmegi baradaky alada türkmen halkynyň milli şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde aýratyn orun tutýar. Onuň eserleriniň içinde edep-terbiýe, adamlaryň gylyk-häsiýetleri, watançylyk il-gün baradaky goşgulary esasy orunda durýar.

Tälimçileriň okuw sapagy

Ýurdumyzyň basketbol federasiýasynyň Halkara basketbol federasiýasy bilen bilelikde geçiren «Bütindünýä tälimçileri» atly ikinji okuw sapagy sportuň şu görnüşinden täze segitlere ýetmekde ähmiýetli ädime öwrüldi. Halkara basketbol federasiýasynyň wekili Torsten Loýbol ýurdumyzyň ussat tälimçileri bilen nazary we amaly okuw maslahatyny geçdi. Maslahata T.Baýryýew, B.Ibragimow, N.Akyýew, P.Akmammedow, M.Mazakow, K.Kiýathanow, A.Arhipow, P.Awerýanow, A.Amanberdiýew, T.Allanurow, W.Sitnikow, N.Nagiýewa ýaly tälimçilerimiz gatnaşdylar. Germaniýaly tälimçi bir hepdäniň dowamynda geçen okuw sapagyna gatnaşan ýurdumyzyň tälimçileriniň öz beren nazary we amaly okuw sapagyny gowy özleşdirip, synaglary üstünlikli tabşyrandyklaryny belläp, olaryň ussatlyklaryna ýokary baha berdi.

Futbol täzelikleri

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalyna çykan toparlar belli boldy. Arzyly kubogyň häzirki eýesi «Arkadag» topary Türkmenbaşy şäherinde ýerli «Şagadamdan» 3:1 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelikde çärýek finalyň iki duşuşygynyň netijesi boýunça garşydaşyndan 6:1 hasabynda üstün çykan «Arkadag» topary ýarym finala çykdy.

Pres­ti­gious awards

An in­ter­na­tio­nal exhi­bi­tion ‘World Smart City Expo 2024’ has be­en recent­ly held in Seoul, the Re­pub­lic of Ko­rea. The city of Ar­ka­dag to­ok part in this event and won 3 awards. The op­por­tu­ni­ties and fea­tu­res of the city of Ar­ka­dag we­re al­so pre­sen­ted at the pres­ti­gious exhi­bi­tion. The awards we­re given to fo­reign and local cities and com­pa­nies that dis­tin­guis­hed them­selves among the exhi­bi­tors. The city of Ar­ka­dag received three awards, na­me­ly, ‘WSCE 2024 Smart City Excel­lence Award’, ‘WSCE 2024 Fo­reign City Award’, ‘WSCE 2024 Cont­ri­bu­tion Award’. The Turk­men peop­le we­re par­ticular­ly proud that on­ly the city of Ar­ka­dag was awar­ded ‘WSCE 2024 Smart City Excel­lence Award’.

Bedenterbiýe we sport

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda 2012 – 2014-nji hem-de 2015 – 2016-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda karatedo boýunça paýtagtymyzyň saýlama ýaryşy geçirildi. «Täze zaman» bedenterbiýe we sagaldyş toplumynda geçen ýaryş türgenleriň 80-sini bir ýere jemledi. Şolaryň 60-sy oglanlar, 20-si bolsa gyzlardyr. 30 kilograma çenli agramdan 50 kg-e çenli agram derejesinde ýaýbaňlandyrylan bäsleşikleriň çäginde diýseň dartgynly duşuşyklaryň ençemesi bellige alyndy. Şunlukda, gyzlaryň bäsleşikleriniň netijesi boýunça 2015-nji ýylda doglan türgenleriň arasynda Merýem Gulamanowa (-30 kg), 2013-nji ýylda dünýä inen ýetginjeklerden bolsa Aýjahan Annagylyjowa öz agramlarynyň ýeňijileri boldular. Oglanlaryň ýaryşlary hem diýseň çekeleşikli geçip, Daýanç Annamyradow (-40 kg),

Ýol abat – il abat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Institutyň mejlisler zalynda guralan çärä mugallymlardyr talyp ýaşlar gatnaşdylar. Wagyz-nesihat duşuşygynda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Içeri işler ministrliginiň, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň kazyýetiniň, Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri çykyş etdiler. Duşuşykda çykyş edenler her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän biraýlygyň ähmiýeti barada aýdyp, ýol hereketine gatnaşyjy her bir raýatyň düzgünleri doly we dogry berjaý etmeginiň zerurdygy barada belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde döwlet derejesinde giň gerim bilen geçirilýän şeýle çäreler talyp ýaşlaryň ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky bilimlerini artdyrmakda, olara ýol kadalaryny öwretmekde, ýaşlaryň ýol hereketiniň howpsuzlygyna jogapkärli garamaklaryny gazanmakda, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, köçelerde, jemgyýetçilik ulaglarynda okuwçylaryň özlerini howpsuz we medeniýetli alyp barmagynda uly ähmiýete eýedir.

Taryhda şu gün

Ol 1904-nji ýylda Sent-Lýuis şäherinde geçirilen tomusky Oýunlarda 60, 100 hem-de 200 metr aralyklarynda olimpiýa çempiony bolýar. Onuň 200 metr aralyga ylgamakdaky medalyny dünýä rekordy bilen (21,6 sekunt) gazanandygyny bellemek gerek. Häzirki wagta çenli öz gymmatyny ýitirmän gelýän «Gysga aralyga nädip ylgamaly» atly kitabyň hem awtorydyr.

Ösüş-özgerişleriň we beýik tutumlaryň zamanasy

Ynsan saglygyny goramak, jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün etmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bu syýasatyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem döwrebap derejede üstünlikli dowam etdirilýändigi buýsandyryjydyr.

Ähli üstünliklerimiziň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýän zamanasynda – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhraty, at-abraýy arşa göterilýär. Eziz Diýarymyz tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, sagdynlygyň hem sportuň mekany hökmünde uly meşhurlyga eýe bolýar. Täze taryhy döwrüň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ata Watanymyz şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylyp, bagtyýar halkymyz naýbaşy baýramyny – mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýuny uly zähmet ýeňişleri bilen garşylaýar.

Baş baýlygyň goragynda

Hormatly Prezidentimiziň: «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýarys» diýen sözleri döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen işlenip düzülen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilmegi üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň binýady bolup durýar. Bu maksatnama laýyklykda, ulgamyň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, iň gowy dünýä tejribesiniň we gazanylanlarynyň, innowasion tehnologiýalaryň ulgama ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk edaralary, ylmy-barlag merkezleri bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem uly öňegidişlikler gazanyldy.