Türkmen sportunyň halkara abraýy barha pugtalanýar

26 Maý 2023
496

Ösüşlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň sport döwleti hökmünde dünýäde gazanan at-abraýy barha pugtalanýar. «Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň halkara sport abraýy täze derejelere ýetdi. Dünýäde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge ukyply ýurt hökmünde ykrar edilen ata Watanymyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejedäki ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi sport boýunça özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň ajaýyp nyşanydyr.

Garaşsyz ýurdumyzda sportuň ösen ulgamyny döretmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, Olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär» diýip, nygtaýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu dürdäne sözleriniň ajaýyp hakykat bolup dabaralanýandygyna hemmämiz şaýat. Halkara ýaryşlaryny ýokary derejede geçirmekde baý tejribe toplan ýurdumyzyň sportuň dürli görnüşleri boýunça iş alyp barýan halkara federasiýalaryň arasynda hem uly abraýdan peýdalanýandygy-da döwrümiziň buýsandyryjy hakykatydyr. Şol esasdan, bu günki gün Diýarymyz sportuň, sagdynlygyň, dost-doganlygyň mekany hökmündäki abraýyny dürli halkara sport ýaryşlaryny geçirmek arkaly has-da pugtalandyrýar diýip, guwanmak bilen aýdyp bileris. Bu hakykat Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem dowamat-dowam bolýar.

«Türkmen sporty».