Milli sport bilen galkynýar Watan

26 Maý 2023
363

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe iri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, ýaşyl Tugumyzy belentde parladan türgenleri ýokary derejede sylaglamak asylly däbe öwrüldi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmenistanly türgenler halkara ýaryşlardaky ýeňişleri bilen yzygiderli begendirýärler. 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli şu ýylyň aprel we maý aýlarynda halkara ýaryşlarynda medallary gazanan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak dabarasy hem baýramçylyk ruhunda geçirilip, ýokary ruhubelentlige beslendi.

Her bir güni ösüş-özgerişlere beslenýän zamanamyzda ýokary netijeli sportuň hem-de bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak arkaly saglygyňy berkitmek bu günki gün ýurdumyzda ähli ýaşdaky we hünärdäki adamlary birleşdirýän umumymilli maksada öwrüldi. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça öňe sürlen giň gerimli işler, aýratyn-da, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak meseleleri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde rowaçlanýar.

«Türkmen sporty».