Olimpiýaçylarymyzyň «Soňky jaň» dabaralary

26 Maý 2023
567

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 25-nji maýynda ýurdumyzyň mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary guraldy. Şeýle ajaýyp dabaralar Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň garamagyndaky «Olimp» orta sport mekdebinde, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde hem-de Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda hem giňden ýaýbaňlandyryldy.

Döwlet senamyzyň ýaňlanmagy hem-de hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy hakyky baýramçylyk ruhuny döretdi.

Gurbanýaz Hangeldiýew,
«Olimp» orta sport mekdebiniň direktorynyň sport işleri boýunça orunbasary.