Gözel Aşgabadyň mümkinçilikleri

26 Maý 2023
273

Ata Watanymyzyň paýtagty, ak mermere bürenen Aşgabat bu gün toy lybasyna beslenýär. Çünki 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi göreni haýrana goýýan paýtagtymyzyň mümkinçiliklerini dünýä ýaýdy. Paýtagtymyzyň ähli künjeginde guralan baýramçylyk dabaralary, ýaňlanan joşgunly aýdym-sazlar hakyky toý ruhuny emele getirdi.

Ýeri gelende bellesek, Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabat taryhy pursatlary başdan geçirýär. Bu gün Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ajaýyp binalar gözüňi dokundyrýar. Aşgabadyň ak mermere beslenen ajaýyp binagärlik keşbi göreni haýrana goýýar. Çünki ajaýyp şäheriň myhmanlary ak şäheriň gysga wagtda eýe bolýan taryhy ösüşlerine şaýat bolýarlar. Gülzarlyga, bagy-bossanlyga bürenen Aşgabadyň waspynyň ýazyjy-şahyrlarymyz, aýdymçylarymyz, suratkeşlerimiz we beýleki sungat işgärlerimiz tarapyndan belentden ýetirilmegi bolsa ajaýyp şäheriň meşhurlygyny has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy bilen bina edilen ak şäherimiz Aşgabat Arkadagly Serdarymyzyň aladalary netijesinde has-da gözelleşýär.

Jennet PURMYRADOWA,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» köpugurly stadionynyň direktorynyň orunbasary.