Buýsandyryjy netijeler

26 Maý 2023
453

20 – 23-nji maý aralygynda Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Bu ýaryşda Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň türgenleri hem diýseň netijeli çykyş etdiler.

Ýetginjek gyzlaryň arasynda Ogulşat Amanowa 49 kg agram derejesinde çykyş edip, ýeňşe ýetdi. Ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda bolsa Medine Amanowa üstünlik gazandy. 64 kg-de bäsleşen türgenimiz birinji orny eýeledi. Mundan başga-da, ýaşlaryň arasynda 64 kg-de bäsleşen Çeper Çaryberdiýewa ikinji, 55 kg-de ýaryşan Ogulgerek Amanowa we 76 kg-de güýjüni synan Aýşat Bazarbaýewa birinji orny eýelediler.

Atageldi Paltaýew,
Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň direktorynyň orunbasary.