Şägirtlerimiz tamamyzy ödeýärler

26 Maý 2023
431

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde mekdebiň Rumyniýanyň Buharest şäherinde geçen erkin we grek-rim göreşleri boýunça halkara ýaryşda üstünlik gazanan okuwçylaryny, şeýle-de olaryň tälimçilerini sylagladylar. Ajaýyp sowgatlaryň gowşurylmagy ýaşlary sportuň görnüşleri bilen professional derejede meşgullanmaga höweslendirmekde diýseň ähmiýetli boldy.

Ýeri gelende bellesek, bu üstünlik Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylarynyň mümkinçilikleriniň diýseň uludygyny aýan etdi. Abraýly halkara ýaryşda gazanylan netijeleriň aglabasynyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary bolmagy olimpiýaçylarymyzyň milli sportumyza şan getirjek täze nesliniň kemala gelýändiginiň görkezijisine öwrüldi. Erkin hem-de grek-rim göreşleriniň dörtýyllygyň iň uly sport baýramçylygynyň maksatnamasyna girýändigini göz öňünde tutsak, munuň aýdyň hakykatdygyna ýene bir ýola göz ýetirýärsiň.

Öwezmuhammet ATALYÝEW,
Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň direktory.