"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Ykbalyň serpaýy

Amyderýanyň sapaly kenaryny jähekläp oturan gür bagly obam! Onuň gündogarynda ýerleşýän ak mekdep mähriban obama görk berip otyr. Ýoluň düşüp, ýaşlygyň tämiz säherine meňzeş şol mekdebe baraýsaň, ol ýerde zähmet çekýän mugallymlar seni güler ýüz, açyk göwün bilen garşy alýarlar. Olaryň arasynda bir ajaýyp zenan bar. Belent adamkärçiligi, mähriban ene ýüregi bilen ol gör, näçe ýyldan bäri çagalara bilim we terbiýe berýär. Şahyrana kalply, bagtyny päk zähmetden tapan zenana Rozma Orunowa diýýärler. Onuň çagalygy-da, gulpaklyja gyzjagazlykdan saýlanan döwri hem şu oba bilen bagly boldy. Bilim ojagyna tarap ilkinji ädimini äden Rozma soňra bütin ömrüniň hut şu mekdep bilen bagly boljakdygyny, megerem şol döwürde aňan hem däldir. Ykbalyň şu serpaýy onuň durmuşynyň manysyny goýazylaşdyrdy.

Hünäre höwesli ýaşlar

ÖŇŇIN ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça welaýatymyzda giriş synaglary başlandy. Bilim ulgamyndaky bu jogapkärli çärä welaýatymyzda hem ýokary taýýarlyklar bilen gelnendigini aýratyn bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz şu ýylyň 9-njy iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2021-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak bilen baglanyşykly resminama gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň şol resminamasyna laýyklykda, güneşli Diýarymyzyň beýleki sebitlerinden bolşy ýaly, Ahal welaýatynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek işi ýokary guramaçylykly geçirilip, giriş synaglaryna ykjam taýýarlyklar bilen badalga berildi. Welaýatymyz boýunça giriş synaglary 28-nji iýul — 23-nji awgust aralygynda Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji, 16-njy, ýöriteleşdirilen 27-nji, ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdeplerde, N.Saryýew adyndaky Çagalar sungat mekdebinde, şeýle-de welaýat ýörite sungat mekdebinde geçirilýär. Agzalan mekdeplerde ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň agzalarynyň bu möhüm çäräni ýokary derejede alyp barmagy ugrunda ähli zerur şertlerdir mümkinçilikler göz öňüne tutuldy.

Täze okuw ýylyna taýýarlyk

Babadaýhan etrabynyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde täze, 2021 — 2022-nji okuw ýylyna taýýarlykly barmak maksady bilen alnyp barylýan işler giň gerimde ýaýbaňlanýar. Taýýarlyk işleriniň çäklerinde etrapda bar bolan orta mekdepleriň 22-sinde we çagalar baglarynyň 8-sinde bejeriş we abatlaýyş işleri geçirildi. Bu işlerde etrabyň 3, 15, 16, 17, 20-nji orta mekdepleriniň we 4, 5, 6-njy çagalar baglarynyň zähmet toparlary has-da tapawutlanmagy başardylar. — Taýýarlyk işleriniň çäklerinde etrap boýunça şu okuw ýylynda mekdepleriň 1-nji synpyna ilkinji gezek gadam basjak körpeler hasaba alyndy. Mekdepleriň kitaphanalaryna täze gelen okuw gollanmalary, çeper edebiýatlar hasaba alynýar. Nesip bolsa, etrabymyzyň Ýarygökje obasynyň mekdep okuwçylarydyr bilim işgärleriniň uly topary bosagada duran täze okuw ýylyny oba özboluşly görk berip oturan, 960 orunlyk täze gurlan ak mekdepde garşy alarlar.

Mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň hal­ka­ra üs­tün­li­gi

Şu ýylyň iýul aýynyň 14-24-i aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde onlaýn usulda 62-nji Halkara matematika olimpiadasy (IMO 2021) geçirildi. Oňa Russiýa Federasiýasy, Ukraina, Rumyniýa, Norwegiýa, Peru, Filippinler, Portugaliýa, Senegal, Türkiýe, Gazagystan ýaly dünýäniň jemi 107 döwletinden 619 okuwçy gatnaşdy. Bu abraýly halkara bäsleşigine türkmen ýaşlary hem gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Halkara bäsleşigine gatnaşan türkmen okuwçylaryna Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň matematika mugallymy Arslan Hojiýew ýolbaşçylyk etdi. 10 gün­läp do­wam eden bi­lim bäs­le­şi­gin­de Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep-in­ter­na­tyň 11-nji synp okuw­çy­sy Mu­ham­met­my­rat Goç­my­ra­dow, Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki iň­lis di­li, hi­mi­ýa we bio­lo­gi­ýa ders­le­ri­ni çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 86-njy or­ta mek­de­biň 10-njy synp okuw­çy­sy Jen­net Za­ma­no­wa we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň dil ders­le­ri­ni çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 87-nji or­ta mek­de­biň 11-nji synp okuw­çy­sy Na­gym Taň­ry­gu­ly­ýew bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­du­lar. Bu­lar­dan baş­ga-da, Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len umu­my­bi­li

Bilimli ýaşlar — Watanyň kuwwaty

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli bilim ulgamyny ösdürmekde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda tehnologiýalaryň ösen zamanynda kompýuterleşdirilen bilimlere daýanyp, häzirki zaman önümçilik desgalaryny işe girizmek ýola goýuldy. Bu bolsa ylmyň gazananlaryna esaslanýan milli ykdysadyýetiň pudaklary üçin zerur hünärmenleri taýýarlamagy talap edýär. Hünärmenleriň öz bilim derejesini ýokarlandyrmagy, ösen tehnologiýalardan kämil baş çykarmagy möhümdir. Şoňa görä-de, ýaşlaryň saýlap alan ugurlaryndan oňat baş çykarmaklary has derwaýysdyr. Bu babatda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy we hünär öwrenmegi üçin ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilýändigi aýratyn bellärliklidir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyp ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar.

Ylmy-barlag we döredijilik işlerine höweslendirmek

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokary derejeli hünärmenleriň we ylmy işgärleriň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär. Ylym-bilim ulgamlarynda hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamagyň möhümdigi nazara alnyp, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda ýurdumyzda ýaş nesli ylmy-döredijilik işlerine höweslendirmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreler durmuşa geçirilýär.

Aýdyň netijeler

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alşy dowam edýär. Ýöne muňa garamazdan, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde işler guramaçylykly alnyp barylýar. Häzirki wagt hem orta mekdepler, olarda zähmet çekýän mugallymlar we beýleki işgärler üçin jogapkärli möwsümdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim ojaklaryny täze okuw ýylyna taýýarlamak meselesine ünsi çekmegi bu işiň derwaýyslygyny hem-de täze 2021 — 2022-nji okuw ýylynyň guramaçylykly başlanmagy barada tagalla etmegiň zerurlygyny görkezýär.

Yhlas üstünlikleriň gözbaşydyr

Täze okuw ýylyna etrabymyzyň bilim bölümine degişli bolan ähli mekdeplerde guramaçylykly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Etrabymyzdaky orta mekdepleriň 22-sinde 1-nji synpa körpeleriň 1820-siniň gelmegine garaşylýar. Mekdeplere ilkinji gezek okuwa geljek çagalar bilen awgust aýynda taýýarlyk okuwlarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. 1-nji synplaryň okuwçylaryna sapak bermek işi tejribeli mugallymlara ynanyldy. Bu mugallymlar bilen awgust aýynyň başynda etrap bilim bölüminiň bir hepdelik usuly okuwlary geçiriler.

Bi­lim – ber­ka­rar­lyk bin­ýa­dy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Diýarymyzda giň dünýägaraýyşly, ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn ýaş nesilleriň ösmegi we döwrebap bilimdir terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda ähli ugurlardaky ägirt uly özgertmeler, durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalar, giň gerimli işler milli Liderimiziň türkmen ýaşlarynyň bagtyýar durmuşynyň we röwşen geljeginiň bähbidine alyp barýan taýsyz tagallalarynyň hem-de amala aşyrýan tutumly işleriniň datly miwesidir. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde döwrüň talaplaryna laýyklykda ylym we bilim bermek mümkinçilikleri ýokarlandyrylýar we okatmagyň täze usullary ornaşdyrylýar. Bu bolsa milli bilim ulgamynyň dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine, ylmy we tehniki ösüşiň häzirki zaman gazananlaryna daýanýandygyna şaýatlyk edýär.

Bi­li­miň go­ru­ny özüň­de jem­le­mek

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýaşlara döwrebap bilim bermek barada edýän talaplaryndan ugur alnyp, harby ýokary okuw mekdeplerinde hem bilimi ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi. Bilimi özbaşdak öwrenmäge, durmuşda zerur bolan döwrebap bilimlere eýe bolmaga gönükdirilen usula geçmek döwrüň talabyna öwrüldi. Okatmagyň adaty usulynda mugallymlaryň okuw-usuly işleriniň, ýagny ilki umumy sapaklary, soňra bolsa amaly sapaklary geçirmeginiň zerurlygy ýüze çykýar. Her bir bilim talyplar tarapyndan özbaşdak akyl ýetirilip özleşdirilmelidir, eýe bolmak isleýän maglumatlaryny ösdürmelidir. Bu okatmagyň özbaşdak görnüşine geçilmegini aňladýar. Okatmagyň adaty görnüşinden tapawutlylykda, özbaşdak görnüşi harby talyplara eýe bolmak isleýän bilimlerini almak üçin maglumatlary mümkin bolan derejede gözläp tapmaga, olary ulgamlaşdyrmaga, öňünden çaklamaga, netije çykarmaga, gabat geljek meseleleri aýdyňlaşdyrmaga we olary çözmegiň usullaryny kesgitlemäge ýardam berýär. Okatmagyň şeýle görnüşi diňe bir mugallymyň işleýşini täze ugra gönükdirmän, eýsem, harby talyplaryň özbaşdak iş alyp barmak ukybyny hem artdyrýar. Harby talyplaryň özbaşdak işlemek endigine eýe bolmagy, olaryň geljekki gullugynyň tutuş dowamynda özbaşdak bilimlerini artdyrmagyny gazanmaga, şunuň bilen birlikde öz hünärlerine ökde hünärmen serkerdeleriň taýýarlanmagyna ýardam edýär. Şo

Gi­riş sy­nag­la­ry baş­lan­dy

Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne oku­wa ka­bul et­mek bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry­na Ahal we­la­ýa­tyn­da hem ýo­ka­ry taý­ýar­lyk­lar bi­len gel­nip, düýn bi­lim ul­ga­myn­da­ky bu jo­gap­kär­li çä­rä gu­ra­ma­çy­lyk­ly ba­dal­ga be­ril­di. We­la­ýat hä­kim­li­gi hem-de we­la­ýat Baş bi­lim mü­dir­li­gi ta­ra­pyn­dan sy­nag­la­ryň ge­çi­ril­jek ýer­le­ri­niň öňün­den ze­rur se­riş­de­ler bi­len üp­jün edil­me­gi ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne oku­wa ka­bul et­mek bo­ýun­ça döw­let to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry­na mö­hüm çä­rä­ni ýo­ka­ry de­re­je­de alyp bar­ma­ga giň müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýe­ri ge­len­de, «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän şan­ly ýyl­da ta­lyp bol­ma­ga hö­wes ed­ýän ýaş­la­ryň gi­riş sy­nag­la­ry­nyň Ak bug­daý et­ra­byn­da­ky 1-nji, 16-njy, ýö­ri­te­leş­di­ri­len 27-nji we 28-nji or­ta mek­dep­ler­de, N.Sa­ry­ýew adyn­da­ky Ça­ga­lar sun­gat mek­de­bin­de, şeý­le-de we­la­ýat ýö­ri­te sun­gat mek­de­bin­de ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Düýn bol­sa we­la­ýat­da Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­ne, Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­ne, Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­na, Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­na, Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­

Ýaşlarda hünäre höwes uly

Düýn ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek üçin, Balkanabat şäherinde hem giriş synaglary guramaçylykly başlandy. Şu ýyl giriş synaglary dalaşgärleriň öz ýaşaýan welaýatlarynda ýola goýuldy. Dürli ugurlarda bilimlerini dowam etdirmek isleýän ýaşlaryň bu jogapkärli synaga gatnaşmagy üçin Balkanabat şäheri boýunça saýlanylyp alnan mekdeplerde ähli zerur işler geçirilipdir. Tassyklanylan meýilnama esasynda, Balkan welaýatynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary dört tapgyrda amala aşyrylar. Ynha, badalga alan birinji tapgyrda — iýul aýynyň 28 — 30-y günlerinde Balkanabatdaky 3-nji orta mekdepde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, 21-nji orta mekdepde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna, 23-nji orta mekdepde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna, 24-nji orta mekdepde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine, 2-nji orta mekdepde Aşgabat şäherindäki Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebine giriş synaglary geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebine, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebine, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebine

Ebedi gymmatlyk

Milli medeni mirasymyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşinde, nesilleriň ruhy, ahlak taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde taýsyz gymmatlykdyr. Milli medeniýetimiz ýurdumyzyň dünýä dolan şan-şöhratynyň belende göterilmeginde-de uly ähmiýete eýedir. Ol ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen dostlukly, hoşniýetli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hem berkidýär. Türkmen halkynyň medeni-taryhy mirasyny, däp-dessurlaryny, kämil durmuş ýörelgelerini aýawly saklamakda, baýlaşdyrmakda, geljekki nesillere ýetirmekde hormatly Prezidentimiziň döwlet derejesinde edýän yzygiderli aladalary şeýle mizemez durmuş hakykatlary bilen berk baglanyşyklydyr. Diýmek, asyrlaryň kämillik ýoluny geçen medeni gymmatlyklarymyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşiniň berk binýatlarynyň biridir. Röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillerimizi milli ruhumyza laýyk terbiýelemekde biziň — bilim işgärleriniň öňünde hem uly wezipeler durýar. Bu wezipä abraý bilen hötde gelmekde mähriban Prezidentimiziň dana paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri biz üçin gymmatly gollanma bolup durýar. Sebäbi milli ruhy-medeni gymmatlyklarymyz baradaky söhbetler Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Giň okyjylar köpçüliginiň söýüp okaýan eserlerinde türkmen halkynyň umumadamzat ösüşiniň möhüm bölegi bolup durýan şöhratly geçmiş taryhyna, kämil medeniýetine, mizemez durmuş ýö

Fizikany matematika bilen baglanyşdyryp öwretmegiň ähmiýeti

Mekdep okuwçylarynyň öwrenijilik işjeňligini we özbaşdak pikirlenmek endiklerini üpjün etmek, okatmagyň öňki hereket edýän reproduktiw usulyny ulanmakdan bilimiň täze, ösýän konstruktiw nusgasyna geçmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şu wezipeleri durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmagyň meýilnamasyny aýratyn bellemek gerek. Öňde goýlan maksatlara laýyklykda, bilimde garaşylýan esasy netijeleriň biri, okuwçynyň daş-töweregini gurşap alan dünýä doly we hemmetaraplaýyn akyl ýetirip bilmegi bolup durýar. Şu nukdaýnazardan mekdepde öwredilýän dersleriň özara baglanyşygyny, okuwçynyň berilýän maglumatlary dürli nukdaýnazardan seljermegini we dogry netije çykarmagyny gazanmak möhüm meseleleriň biridir. Fizika dünýäniň düýpli we umumy kanunalaýyklyklaryny öwrenýän ylymdyr. Onuň hemme kanunlary tebigy ylymlaryň esasyny düzýär we matematika daýanýar. Fiziki hadysalary matematikanyň kömegi bilen öwrenmek giň mümkinçilikleri döredýär. Şol bir wagtyň özünde-de bu baglanyşyk okuwça matematikadan taýýarlanmaga ýardam berýär, abstrakt matematiki formulalar hakyky fiziki mana eýe bolýar.

Körpeleri terbiýelemegiň usullary

Ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem döwrüň talabyna laýyklykda ösdürilýär. Ýaş nesle berilýän bilimi kämilleşdirmekde ähli bilim edaralaryna sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde bagtyýar nesiller uly alada bilen gurşalyp alynýar. Olaryň ilkinji bilim basgançagy bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işi düýpgöter täzelenýär. Şunda körpelere bilim we terbiýe berýän terbiýeçidir mugallymlaryň iş usullary hem kämilleşdirilýär. Biziň çagalar bakja-bagymyz hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen 2013-nji ýylda gurlup ulanylmaga berildi. Häzirki zaman dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap çagalar bakja-bagymyzda körpeleriň 380-e golaýy bilim, terbiýe alýarlar. Çagalar bagymyzda 12 topar bolup, olaryň 4-si bakja, 8-si bag toparydyr. Körpelere milli terbiýe, bilim bermekde mugallymlaryň 26-sy yhlasly zähmet çekýärler. Ýaş nesliň bilim-terbiýesiniň kämilleşdirilmegini we çaganyň irki ösüş döwrüniň onuň ömri we durmuşy üçin zerurlygyny nazarda tutup, bakja-bagymyzyň işgärleri döredijilikli zähmet çekýärler. Olar çaganyň döredijilik ukybyny açmakda, okuwa höwesi döretmekde we ösdürmekde, okamaga bolan islegini we başarnygyny kemala getirmekde göreldeli zähmet çekýärler.

Ösen geljegiň berk binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öndürijilikli işlemäge ukyply nesli terbiýelemegiň iň möhüm ugry hökmünde ýokary ösen jemgyýeti kemala getirmäge aýratyn üns gönükdirilýär. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» öz beýanyny tapdy. Bu Maksatnamada halk hojalygyny öňdebaryjy tejribä, innowasiýa tehnologiýalaryna, milletiň intellektual mümkinçiliklerine daýanyp, mundan beýläk-de ösdürmek boýunça döwletiň esasy ýörelgeleri aýdyň beýan edildi. Bu ugurdaky ilkinji nobatdaky möhüm wezipeleriň biri hökmünde ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmek, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna, aýratyn hem, milli ykdysadyýetimize täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bellenildi. Ýurtda ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi we olaryň ukyp-başarnyklarynyň doly açylmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Häzirki günde ýaş türkmenistanlylar üçin ýokary derejede bilim almaga, geljekki hünärlerini saýlamaga ähli mümkinçilikler bar. Bilim ojaklarynda multimedia, kompýuter we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy esasynda, doly derejeli we netijeli okuw-terbiýeçilik işleri geçirilýär, döwrüň talaplaryna we okatmagyň innowasion usullaryna laýyklykda, bilim we terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmäge uly üns gönükdirilýär. Bu bolsa giň gözýetimli we döredijilikli, pikirlenmäge u

Netijeli işler alnyp barylýar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, aladalary netijesinde ýaş nesle berilýän bilimiň, terbiýäniň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga, çuňlaşdyrmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň sowgat beren mekdep binamyzda hem döwrebap şertleriň döredilmegi netijesinde okuwçy ýaşlara milli bilim ulgamynyň talaplary esasynda bilim-terbiýe berilýär. Mekdebimiz takyk bilimleri çuňlaşdyrylyp öwredilmäge niýetlenip, bilim ojagymyzda mugallymlaryň 60-a golaýy zähmet çekýär we täze okuw ýylynda 1-nji synpa geljek çagalaryň 150-si hasaba alyndy. Okuwçy ýaşlaryň aň-paýhasyny artdyrmakda, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmekde kämil bilim bermegiň ähmiýetiniň uludygyna bu ulgamdaky tejribeler şaýatlyk edýär. Mekdebimizde usuly birleşmäniň işi hem döwrebap derejede ýola goýuldy. Bilim ojagymyzda fizika, matematika, astronomiýa, informatika, informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalary, modelirleme we grafika, döwrebap tehnologiýalaryň esaslary hem-de beýleki dersler we başlangyç synplar boýunça usuly birleşmeler yzygiderli hereket edýär. Birleşmäniň ýolbaşçylary bilen agzalary her bir dersi okatmagyň döwrebap usullary, täsirli tärleri dogrusynda giňişleýin maslahat geçirýärler. Halypa-şägirtlik ýoluny iş ýüzünde durmuşa geçirmekde usuly birleşmäniň peýdaly taraplaryny giňden ulanýarlar. Munuň özi mekdebiň mugallymlar toparynyň iş tejribesiniň ýyl-ýyldan baýlaşmagyna, o

Halkara gatnaşyklarda möhüm hünärler

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýokary hünär bilimi ulgamyndaky özgertmeler netijeli dowam etdirilýär. 2021-2022-nji okuw ýylyndan durmuşa ornaşdyryljak täzelikleriň biri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hünärmenleri taýýarlamagyň iki basgançakly görnüşine, ýagny bakalawr we magistr bilim maksatnamalaryna geçilmegidir. Şu maksat bilen meýilnama esasynda instituta halkara gatnaşyklar, halkara ykdysadyýet, syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy ugurlary boýunça bakalawrlyga, sanly diplomatiýa, halkara hususy hukuk, halkara jemagat hukugy ugurlary boýunça magistratura talyplary okuwa kabul etmek göz öňünde tutulýar. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda diplomatlary taýýarlamakda okuw-usuly we ylmy işler yzygiderli kämilleşdirilýär, täze innowasion hünär ugurlary ornaşdyrylýar.

Ýaş zehinleriň üstünligi

Şu ýylyň iýul aýynyň 14 — 24-i aralygynda Russiýa Federasiýasynyň guramagynda onlaýn arkaly 62-nji Halkara matematika (IMO 2021) olimpiadasy geçirildi. Oňa dünýäniň 107 döwletinden 619 okuwçy gatnaşdy. Bu abraýly halkara bäsleşige Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň matematika mugallymy Arslan Hojiýewiň ýolbaşçylygynda saýlama mekdep okuwçylaryndan düzülen topar gatnaşdy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň 11-nji synp okuwçysy Muhammetmyrat Goçmyradow, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Jennet Zamanowa we Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nagym Taňrygulyýew bürünç medala mynasyp boldular. Şeýle-de Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň 10-njy synp okuwçysy Emir Wellekow we Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Didar Gaýypow höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular.

Özgerişlere beslenýän ulgam

Gahryman Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň durnukly bilim-terbiýe almaklaryna, olaryň watançylyk we milli ruhda terbiýelenmeklerine aýratyn üns berýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesillerimiz barada edýän irginsiz aladalarynyň netijesinde aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn, eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesiller kemala gelýär. Milli Liderimiz tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» biz — mugallymlaryň öňünde uly jogapkärçilikli wezipeleri goýýar. Mähriban Arkadagymyzyň öňde goýýan wezipeleriniň hötdesinden gelmegimiz üçin ähli şertler bar. Ýurdumyzda gurulýan bilim ojaklary sanardan köp. Okuw-terbiýeçilik işleriniň ilerlemegi üçin orta mekdepleriň kompýuterler we multimediýa tehnologiýalary, okuw kitaplary we gollanmalary bilen üpjün edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklary üçin biz — mugallymlar güýç-gaýratymyzy aýamarys.