Bilimli ýaşlar — Watanyň kuwwaty

29 Iýul 2021
1149

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli bilim ulgamyny ösdürmekde giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzda tehnologiýalaryň ösen zamanynda kompýuterleşdirilen bilimlere daýanyp, häzirki zaman önümçilik desgalaryny işe girizmek ýola goýuldy. Bu bolsa ylmyň gazananlaryna esaslanýan milli ykdysadyýetiň pudaklary üçin zerur hünärmenleri taýýarlamagy talap edýär. Hünärmenleriň öz bilim derejesini ýokarlandyrmagy, ösen tehnologiýalardan kämil baş çykarmagy möhümdir. Şoňa görä-de, ýaşlaryň saýlap alan ugurlaryndan oňat baş çykarmaklary has derwaýysdyr. Bu babatda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy we hünär öwrenmegi üçin ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilýändigi aýratyn bellärliklidir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyp ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar.

«Mugallymlar gazeti».