Fizikany matematika bilen baglanyşdyryp öwretmegiň ähmiýeti

27 Iýul 2021
1152

Mekdep okuwçylarynyň öwrenijilik işjeňligini we özbaşdak pikirlenmek endiklerini üpjün etmek, okatmagyň öňki hereket edýän reproduktiw usulyny ulanmakdan bilimiň täze, ösýän konstruktiw nusgasyna geçmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şu wezipeleri durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmagyň meýilnamasyny aýratyn bellemek gerek. Öňde goýlan maksatlara laýyklykda, bilimde garaşylýan esasy netijeleriň biri, okuwçynyň daş-töweregini gurşap alan dünýä doly we hemmetaraplaýyn akyl ýetirip bilmegi bolup durýar. Şu nukdaýnazardan mekdepde öwredilýän dersleriň özara baglanyşygyny, okuwçynyň berilýän maglumatlary dürli nukdaýnazardan seljermegini we dogry netije çykarmagyny gazanmak möhüm meseleleriň biridir.

Fizika dünýäniň düýpli we umumy kanunalaýyklyklaryny öwrenýän ylymdyr. Onuň hemme kanunlary tebigy ylymlaryň esasyny düzýär we matematika daýanýar. Fiziki hadysalary matematikanyň kömegi bilen öwrenmek giň mümkinçilikleri döredýär. Şol bir wagtyň özünde-de bu baglanyşyk okuwça matematikadan taýýarlanmaga ýardam berýär, abstrakt matematiki formulalar hakyky fiziki mana eýe bolýar.

Enebaý WEÝISOWA,
Aşgabat şäherindäki 63-nji orta mekdebiň ýokary derejeli matematika mugallymy.