Halkara gatnaşyklarda möhüm hünärler

27 Iýul 2021
985

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýokary hünär bilimi ulgamyndaky özgertmeler netijeli dowam etdirilýär. 2021-2022-nji okuw ýylyndan durmuşa ornaşdyryljak täzelikleriň biri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hünärmenleri taýýarlamagyň iki basgançakly görnüşine, ýagny bakalawr we magistr bilim maksatnamalaryna geçilmegidir. Şu maksat bilen meýilnama esasynda instituta halkara gatnaşyklar, halkara ykdysadyýet, syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy ugurlary boýunça bakalawrlyga, sanly diplomatiýa, halkara hususy hukuk, halkara jemagat hukugy ugurlary boýunça magistratura talyplary okuwa kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda diplomatlary taýýarlamakda okuw-usuly we ylmy işler yzygiderli kämilleşdirilýär, täze innowasion hünär ugurlary ornaşdyrylýar.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».