Hünäre höwesli ýaşlar

29 Iýul 2021
892

ÖŇŇIN ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça welaýatymyzda giriş synaglary başlandy. Bilim ulgamyndaky bu jogapkärli çärä welaýatymyzda hem ýokary taýýarlyklar bilen gelnendigini aýratyn bellemek gerek.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz şu ýylyň 9-njy iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2021-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak bilen baglanyşykly resminama gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň şol resminamasyna laýyklykda, güneşli Diýarymyzyň beýleki sebitlerinden bolşy ýaly, Ahal welaýatynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek işi ýokary guramaçylykly geçirilip, giriş synaglaryna ykjam taýýarlyklar bilen badalga berildi. Welaýatymyz boýunça giriş synaglary 28-nji iýul — 23-nji awgust aralygynda Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji, 16-njy, ýöriteleşdirilen 27-nji, ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdeplerde, N.Saryýew adyndaky Çagalar sungat mekdebinde, şeýle-de welaýat ýörite sungat mekdebinde geçirilýär. Agzalan mekdeplerde ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň agzalarynyň bu möhüm çäräni ýokary derejede alyp barmagy ugrunda ähli zerur şertlerdir mümkinçilikler göz öňüne tutuldy.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATDA: Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepde giriş synaglarynyň başlanmagy mynasybetli geçirilen dabaradan pursat. Surata düşüren awtor.