Ebedi gymmatlyk

28 Iýul 2021
772

Milli medeni mirasymyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşinde, nesilleriň ruhy, ahlak taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde taýsyz gymmatlykdyr. Milli medeniýetimiz ýurdumyzyň dünýä dolan şan-şöhratynyň belende göterilmeginde-de uly ähmiýete eýedir. Ol ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen dostlukly, hoşniýetli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hem berkidýär. Türkmen halkynyň medeni-taryhy mirasyny, däp-dessurlaryny, kämil durmuş ýörelgelerini aýawly saklamakda, baýlaşdyrmakda, geljekki nesillere ýetirmekde hormatly Prezidentimiziň döwlet derejesinde edýän yzygiderli aladalary şeýle mizemez durmuş hakykatlary bilen berk baglanyşyklydyr. Diýmek, asyrlaryň kämillik ýoluny geçen medeni gymmatlyklarymyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşiniň berk binýatlarynyň biridir.

Röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillerimizi milli ruhumyza laýyk terbiýelemekde biziň — bilim işgärleriniň öňünde hem uly wezipeler durýar. Bu wezipä abraý bilen hötde gelmekde mähriban Prezidentimiziň dana paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri biz üçin gymmatly gollanma bolup durýar. Sebäbi milli ruhy-medeni gymmatlyklarymyz baradaky söhbetler Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Giň okyjylar köpçüliginiň söýüp okaýan eserlerinde türkmen halkynyň umumadamzat ösüşiniň möhüm bölegi bolup durýan şöhratly geçmiş taryhyna, kämil medeniýetine, mizemez durmuş ýörelgelerine aňrybaş derejede beletlik, nusgalyk buýsanç duýgusy jemlenendir. Ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy nesil terbiýesiniň esasy sütünleriniň birine öwren mähriban Prezidentimize alkyşymyz ýürekdendir.

Jeren AMANYÝAZOWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.