Ykbalyň serpaýy

30 Iýul 2021
878

Amyderýanyň sapaly kenaryny jähekläp oturan gür bagly obam! Onuň gündogarynda ýerleşýän ak mekdep mähriban obama görk berip otyr. Ýoluň düşüp, ýaşlygyň tämiz säherine meňzeş şol mekdebe baraýsaň, ol ýerde zähmet çekýän mugallymlar seni güler ýüz, açyk göwün bilen garşy alýarlar. Olaryň arasynda bir ajaýyp zenan bar. Belent adamkärçiligi, mähriban ene ýüregi bilen ol gör, näçe ýyldan bäri çagalara bilim we terbiýe berýär.

Şahyrana kalply, bagtyny päk zähmetden tapan zenana Rozma Orunowa diýýärler. Onuň çagalygy-da, gulpaklyja gyzjagazlykdan saýlanan döwri hem şu oba bilen bagly boldy. Bilim ojagyna tarap ilkinji ädimini äden Rozma soňra bütin ömrüniň hut şu mekdep bilen bagly boljakdygyny, megerem şol döwürde aňan hem däldir. Ykbalyň şu serpaýy onuň durmuşynyň manysyny goýazylaşdyrdy.

Gülnara JORAÝEWA,
Dänew etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň mugallymy.