Körpeleri terbiýelemegiň usullary

27 Iýul 2021
1066

Ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem döwrüň talabyna laýyklykda ösdürilýär. Ýaş nesle berilýän bilimi kämilleşdirmekde ähli bilim edaralaryna sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde bagtyýar nesiller uly alada bilen gurşalyp alynýar. Olaryň ilkinji bilim basgançagy bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işi düýpgöter täzelenýär. Şunda körpelere bilim we terbiýe berýän terbiýeçidir mugallymlaryň iş usullary hem kämilleşdirilýär.

Biziň çagalar bakja-bagymyz hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen 2013-nji ýylda gurlup ulanylmaga berildi. Häzirki zaman dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap çagalar bakja-bagymyzda körpeleriň 380-e golaýy bilim, terbiýe alýarlar. Çagalar bagymyzda 12 topar bolup, olaryň 4-si bakja, 8-si bag toparydyr. Körpelere milli terbiýe, bilim bermekde mugallymlaryň 26-sy yhlasly zähmet çekýärler. Ýaş nesliň bilim-terbiýesiniň kämilleşdirilmegini we çaganyň irki ösüş döwrüniň onuň ömri we durmuşy üçin zerurlygyny nazarda tutup, bakja-bagymyzyň işgärleri döredijilikli zähmet çekýärler. Olar çaganyň döredijilik ukybyny açmakda, okuwa höwesi döretmekde we ösdürmekde, okamaga bolan islegini we başarnygyny kemala getirmekde göreldeli zähmet çekýärler.

Maýa ÇOLUKOWA,
Murgap etrabyndaky «Laçyn» atly 6-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri.