Özgerişlere beslenýän ulgam

26 Iýul 2021
1131

Gahryman Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň durnukly bilim-terbiýe almaklaryna, olaryň watançylyk we milli ruhda terbiýelenmeklerine aýratyn üns berýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesillerimiz barada edýän irginsiz aladalarynyň netijesinde aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn, eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesiller kemala gelýär.

Milli Liderimiz tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» biz — mugallymlaryň öňünde uly jogapkärçilikli wezipeleri goýýar. Mähriban Arkadagymyzyň öňde goýýan wezipeleriniň hötdesinden gelmegimiz üçin ähli şertler bar. Ýurdumyzda gurulýan bilim ojaklary sanardan köp. Okuw-terbiýeçilik işleriniň ilerlemegi üçin orta mekdepleriň kompýuterler we multimediýa tehnologiýalary, okuw kitaplary we gollanmalary bilen üpjün edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklary üçin biz — mugallymlar güýç-gaýratymyzy aýamarys.

Ýusup PUHANOW,
Bereket etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.