Täze okuw ýylyna taýýarlyk

29 Iýul 2021
1010

Babadaýhan etrabynyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde täze, 2021 — 2022-nji okuw ýylyna taýýarlykly barmak maksady bilen alnyp barylýan işler giň gerimde ýaýbaňlanýar. Taýýarlyk işleriniň çäklerinde etrapda bar bolan orta mekdepleriň 22-sinde we çagalar baglarynyň 8-sinde bejeriş we abatlaýyş işleri geçirildi. Bu işlerde etrabyň 3, 15, 16, 17, 20-nji orta mekdepleriniň we 4, 5, 6-njy çagalar baglarynyň zähmet toparlary has-da tapawutlanmagy başardylar.

— Taýýarlyk işleriniň çäklerinde etrap boýunça şu okuw ýylynda mekdepleriň 1-nji synpyna ilkinji gezek gadam basjak körpeler hasaba alyndy. Mekdepleriň kitaphanalaryna täze gelen okuw gollanmalary, çeper edebiýatlar hasaba alynýar. Nesip bolsa, etrabymyzyň Ýarygökje obasynyň mekdep okuwçylarydyr bilim işgärleriniň uly topary bosagada duran täze okuw ýylyny oba özboluşly görk berip oturan, 960 orunlyk täze gurlan ak mekdepde garşy alarlar.

Öz habarçymyz.