"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Bilim — bagtyň şuglasy

«Gün bolmasa, nur, kök bolmasa, daragt, ylym we bilim bolmasa, bagtyýarlyk bolmaz». Hormatly Prezidentimiziň bu sözlerinden görnüşi ýaly, ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýady bolup durýar. Ylym-bilim bagta sary barýan ýollaryň çelgisidir, röwşen şuglasydyr. Hut şonuň üçinem bilime, ylma teşne kalbymyzdaky arzuwlarymyzy amala aşyrmak üçin ýurdumyzda ähli şertler bar. Ýaşlarymyzyň aglabasy dünýäniň ösen döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okamak bagtyna eýe bolýarlar. Döwletimizde dünýäni haýrana goýýan ösüşleriň gazanylmagynda ylmy öňegidişlikleriň täsiriniň uludygy ajaýyp hakykatdyr.

Dil bilen dünýäni açar (Durmuş we biz)

Adam dünýä geleninden soňra ähli zatlar bilen gyzyklanyp başlaýar. Bilimdir sowatdan ýüküni tutup, kämillige tarap ädim ädýär. Bilesigelijilik duýgusy güýçlenip, özünde ýok bolan zatlaryň üstüni dolmak pikirine gulluk edip başlaýar. Şol bilesigelijiligiň bir gyrasynda öz ene dilini ýitirmezden, «dil bilmek, öwrenmek ýaly» yhlaslar-da goşulýar-da, şahsyýetde täze dünýägaraýyşlar peýda bolýar. Häzirki döwrüň ösen tehnologiýalarynyň giňden ýaýbaňlanýan wagtynda täze maglumatlary gözlemek, tapmak, pikiriňi paýlaşmak, habarlaşmak, iş salyşmak, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak, täsin dünýäleri açmak, täze gözýetimlere aralaşmak üçin internet aýratyn orun eýeleýär. Dünýäniň dürli dillerinde berilýän maglumatlaryň arasyndan özüňe geregiňi saýlap almak, ilkinji nobatda, okyjylaryň özüne bagly. Şeýle bolansoň bir mesele hakda gürrüň gozgalanda, «Internetde şeýle diýilýär», «Internetde şunuň ýaly ýazylgy eken» diýip, oňa salgylanýan wagtymyz az bolmaýar. Pikirler bitewüleşýär, garaýyşlar umumylaşýar. Munuň üçin maglumatlary ýetiriji ýa-da öwreniji bolsun tapawudy ýok — ilki bilen öz milli diliňi we daşary ýurt dillerini bilmek ussatlygy adamy kämillige ýetirýän ilkinji alamatlaryň biridir.

Ösüşleriň ýolunda

Ylym-bilim ähli üstünlikleriň başlangyjy hasaplanýar. Dana halkymyz “Ylym — şamçyrag” diýýär. Dünýä döräp, adamzadyň kemala gelmeginde ylmyň bitiren hyzmaty bimöçber hasaplanýar. Gojaman taryhyň sahypalaryna ser salanyňda, ylmyň üsti bilen açylan täsin zatlara aklyň haýran galýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylmy ösdürmäge berýän ünsi jenneti ýurdumyzy dünýä belentliklerine çykarýar. Hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak baradaky talaplaryny giňden durmuşa geçirmek biz — bilim işgärleriniň jogapkärçiligini has-da artdyrýar. . Munuň özi öňümizde täze-täze borçlary goýýar.

Dürdäne setirler

Terbiýe — gowy endikleri özleşdirmekdir.Platon. * * *

Türkmen dilinde antonimler

Türkmen diliniň beýleki kowumdaş türki dilleriň arasynda iň gadymy dildigi hem-de onuň ähli tarapdan ösen, kämil derejä ýeten dildigi barada hormatly Prezidentimiz: «Biziň ene dilimiz öz gözbaşyny Oguz handan alyp gaýdýan, ähli türki halklaryň dilleriniň esasyny düzýän dildir. Şoňa görä-de, biziň dilimiz ähli türki halklar üçin düşnükli bolmak bilen, öz tebigaty boýunça dünýäniň esasy dilleriniň hatarynda durmaga mynasypdyr. Ene dilimizi şeýle derejä çykarmagyň ýollaryny geçmişdäki beýik akyldarlardan öwrenmelidiris» diýip belleýär. Mälim bolşy ýaly, dil döwre, jemgyýete, adamzada örän zerur bolan aragatnaşygy üpjün edýän serişdedir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen dilimizi düýpli öwrenmek, ony ösdürmek, baýlaşdyrmak meselesine döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Bu barada milli Liderimiz «Döwlet guşy» romanynda şeýle belleýär: «Dilimizi has baýlaşdyrmak, taryh akabasynyň haýsydyr bir öwrüminde ulanyşdan galan gowy sözlerimizi dolanyşyga girizmek, kämilleşdirmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Diliň kämilligi ruhuň kämilligidir. Milletiň kämilligi bolsa biziň baş maksadymyzdyr».

Nesilleriň ýürek sözi

«7/24.tm», № 50 (81), 13.12.2021 MUGALLYMYŇ SÖZI — WATANYŇ SÖZI

Sanly bilimde giň mümkinçilikler

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň tagallalarynyň netijesinde kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzda dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan täzeçil çözgütleri öz içine alýan sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Sanlylaşdyrmak milli ykdysadyýetimizi hil taýdan täze derejä çykarýar. Ýurdumyzda öýjükli aragatnaşyk, poçta, internet, telewideniýe hyzmatlary, şeýle hem aragatnaşygyň beýleki görnüşleriniň häzirki zaman ulgamlary doly ornaşdyrylyp, bu hyzmatlar her bir raýatymyza elýeterli edilýär. Bazar ykdysadyýetine geçiş şertlerinde döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak durmuş zerurlygyna öwrüldi. Innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyz döwür bilen deň gadam urmak üçin öz öňünde möhüm wezipeleriň birnäçesini goýdy. Şol bir wagtyň özünde bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegini tehniki taýdan üpjün etmek we olaryň möçberlerine laýyk gelýän düzümi döretmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy.

Asylly kärde abraý alan

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “Başymyzyň täjine deňelýän eziz Watanymyzyň berkararlygyny, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmekde, ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp üstünlikleri ýaş nesilleriň aňyna ýetirmekde, gujur-gaýratly, ylymly, bilimli we dörediji ýaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrmakda mugallym diýen belent ada mynasyp bolan watandaşlarymyzyň hyzmaty örän uludyr” diýip, bilim işgärleriniň kyn hem-de hormatly kärine uly baha berýär. Gahryman Arkadagymyzyň atasy, mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň asylly kärini dowam etdirýän adamlar halk arasynda uly hormata mynasyp bolýarlar. Şeýle hormata mynasyplaryň biri hem Mary etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy Allaguly Babajanowdyr. Bu gün ýedinji onlugyň çetinden girip, pygamber ýaşyna ýeten Allaguly mugallym manyly ömrüniň kyrk ýylyny ösüp gelýän ýaş nesle durnukly bilim we döwrebap terbiýe bermeklige bagyş etdi.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Ýaş neslimiziň ylymly-bilimli bolup ýetişmeginde, olaryň bagtyýar hem abadan durmuşy ugrunda mugallymlar uly işleri amala aşyrýarlar. Ösüp gelýän ýaş nesle çuňňur bilim we asylly terbiýe bermekde janypkeş mugallymlaryň biri-de Mary etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Şemşat Ýakubowadyr. Ol ýaş nesliň bilim--terbiýesinde millilik ýoluny ýörelge edinip, ömrümiziň dowamaty, ýokary aň-düşünjeli, sagdyn, bilim-terbiýeli nesilleri kemala getirmegi özüne borç hasaplap, tutanýerli zähmet çekýär. SURATDA: işine yhlasly mugallym Şemşat Ýakubowa sapak wagtynda.

Iňlis dilinde «iň» sözüni nädip aýtmaly? (Az salym iňlis dili)

Käte nämedir bir zady suratlandyrjak bolanymyzda ony beýlekilerden tapawutlandyrmak, artykmaçlygyny has-da nygtamak üçin sypatlaryň öňünden «iň» sözüni ulanýarys. Türkmen halylarynyň dünýädäki iň owadan halylardygyny, türkmen bedewleriniň iň ýyndam bedewlerdigini, Türkmenistan Watanymyzyň iň ajaýyp ýurtdugyny iňlis dilinde aýtmak üçin «Az salym iňlis dili» bölüminiň bu sanyndaky maglumatlary hökman bilmeli. Geliň, onda başlalyň! «Superlative form of adjectives»

Binýat berkden tutulanda

Häzirki wagtda giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar. Hut şol sebäpli hem, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy durmuş-ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berýän, jemgyýeti ösdürýän dörediji güýç hökmünde uly alada bilen gurşalyp alynýar. Milli Liderimiz bu ulgamyň mundan beýläk-de ösmegine, ýurduň intellektual kuwwatynyň ýokarlanmagyna aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda ýaş nesil bilen geçirilýän okuw-terbiýeçilik işleriniň ähli basgançaklarynda bilim-terbiýe berlişiniň kämilleşdirilmegi ilkinji derejeli işleriň hatarynda durýar. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 1-nji sentýabrynda talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygynda: «Ýüregi «Mähriban halkym, eziz Watanym, jan Türkmenistanym!» diýip urýan, ilimiziň baky bagtyýarlygy, ýurdumyzyň beýik geljegi üçin okaýan, zähmet çekýän ýaşlar biziň buýsanjymyzdyr. Halk hem Watan baradaky mukaddes düşünjeler ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň köňülleriniň owazy, dilleriniň senasy bolmalydyr. Ýaşlarymyz ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine, dünýädäki abraý-mertebesiniň mundan-da belende galmagyna bagyş etmelidir” diýip belledi.

Tebigatyň waspçylary

Günsaýyn belent sepgitleri eýeläp, bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzyň her bir güni hoş habarlara, buýsançly wakalara beslenýär. Ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, halkymyzyň ýaşaýyş gurşawyny abadanlaşdyrmak, ekologiýa arassalygyny gorap saklamak bilen bagly durmuşa geçirilýän işler diýseň guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek, milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek we düşündirmek üçin toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamaly» diýip beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň tebigata, milli we medeni mirasymyza bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen, dürli bäsleşikler geçirilýär. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Tebigaty goralyň!» ady bilen fotosurat bäsleşigini geçirdi. Ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 7 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen bu bäsleşikde Daşoguz şäherindäki ýaş fizikleriň we matematikleriň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň okuwçylary üstünlik gazandylar. Welaýat Baş bilim müdirliginde ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryna mynasyp bolan sylaglaryny gowşurmak çäresi geçirildi. Onuň dowamynda çykyş edenler teb

Yhlas — myrada ýetirýär

Arzygül Bäşimowa Tagtabazar etrabyndaky 20-nji orta mekdepde indi biregne 36 ýyllap ýaş nesle bilim we terbiýe berip gelýär. Uly ynam, aýdyň maksat, käre bolan söýgüsi Arzygüle 1985-nji ýylda H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini üstünlikli tamamlamaga itergi berýär. Arzygülüň şägirtleri oňa “Halypa” diýip, ýüzlenýärler. Onuň gyzlary Akbegenç bilen Ogulgözel hem ene kesbini dowam edýär. Gyzlary ejelerinden okatmagyň inçe ýollaryny öwrenýärler. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Arzygül mugallym 1-nji synp okuwçylaryna bilim we terbiýe berýär. Onuň okadýan synpyndaky körpeleriň 24-si hem eýýäm sanamagy, goşmagy, aýyrmagy, harplary tanamagy başarýar. Tejribeli mugallym her bir çaganyň dünýäsini öwrenmek üçin synp sagadynda hem olaryň hersi bilen özara pikir alşyp, çagalaryň sözleýiş dilini ösdürýär. Munuň özi geljekde ýaş nesliň dünýägaraýşynyň ösmegine, birek-birege hormat goýmagyna giň ýol açýar.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Ylymly ýaşlar Ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky alada Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Ylym-bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmäge, ata-babalarymyzyň mirasyny dünýä ýaýmaga hem-de geljekki nesillere ýetirmäge döwletimiz tarapyndan aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň geljegini has ösen derejä ýetirmek üçin ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, edep-ekramly bolmagyny gazanmak möhüm meseleleriň hatarynda goýulýar.

Maliýe instituty: täze hünärler

2021-2022-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde hünärmenleri taýýarlamagyň iki derejeli gurluş düzümi boýunça talyplar okuwa kabul edildi. Bu okuw ýylyndan başlap, ýokary hünär biliminiň birinji derejesi, ýagny bakalawr maksatnamasy boýunça ýaşlaryň ençemesine Türkmen döwlet maliýe institutynda talyp bolmak bagty miýesser etdi. Bu bilim ojagynda bäş ugur boýunça hünär okuwy girizilip, zehinli ýaşlaryň 160-sy okuwa kabul edildi. Bu ugurda alnyp barylýan işler dogrusynda institutyň maliýe kafedrasynyň uly mugallymy Nurýagdy Aýnazarow şeýle gürrüň berdi: — Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan durmuş-ykdysady özgertmeleriniň häzirki tapgyry ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde milli ykdysadyýetimiziň zerurlyklary üçin hünärmenler taýýarlanylanda täzeçe çemeleşmäni talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we arhiw ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» başlangyç orta we ýokary hünär bilim ulgamynda häzirki zaman zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk gelýän ulgama geçmek wezipeleri kesgitlenildi. Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň öňünde 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmak wezipesini goýdy.

Ygtybarly usullardan peýdalanmak

Mekdebiň başlangyç synp okuwçylaryna terbiýe bermekde matematikany öwretmegiň ähmiýeti uludyr. Matematika dersi öwredilende dürli meseleleriň mazmuny arkaly okuwçylarda Watana bolan söýgini terbiýelemek, daş-töwerekdäki geometrik şekilleri tanamak endiklerini döretmek zerurdyr. Mugallym bu dersi okadanda okuwçylaryň çalt hasaplamak we pikirlenmek endiklerini ösdürmek maksady bilen, beýleki dersler bilen sapagyny utgaşdyryp biler. Bu okuwçylaryň matematiki ukyplaryny ýüze çykarmaga, olarda her bir işe döredijilikli çemeleşmek endiklerini terbiýelemäge mümkinçilik berýär. Mugallym matematikany öwretmek bilen, okuwçylaryň akyl terbiýesiniň, ýagny pikirlenmek (intellektual) mümkinçilikleriniň artmagyna düýpli goşant goşýar. Başlangyç synplarda sanlary öwrenmek bilen baglanyşykly bölekleýin temalar berilýär. Şolar esasynda bolsa sapaklar etaplaýyn guralýar. Okuwçylara 1-den 10-a çenli sanamagy öwretmek üçin, ilki olara 10-nyň öňündäki sanlaryň öwredilmegi zerurdyr. Mysal üçin, 1-den 3-e ýa-da 1-den 7-ä, 9-a çenli sanlar boýunça ýörite sapaklary guraýarys. Munda görkezme esbaplary ulanylsa, okuwçy üçin has düşnükli we ýatda galyjy bolýar. Meselem:

Okuwçylarda hemişelik Bitaraplygymyza buýsanç döretmek

Mukaddes Garaşsyzlyk hem-de hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň goşa ganatydyr. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Türkmenistan döwletimize halkara jemgyýetçiligi tarapyndan berlen uly bahadyr. Ol parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň girewidir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda her ýyl Halkara Bitaraplyk güni giňden bellenilip geçilýär. Eziz Diýarymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk toýunyň bellenilip geçilýän günlerinde guraýan okuw-terbiýeçilik sapaklarymyzda bular barada okuwçylara giňişleýin düşünje berýäris. Umumybilim edaralarynda bilim alýan ýaşlara, ilkinji nobatda, mukaddes Garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz hakynda düşünje bermek maksadalaýykdyr. Munuň özi olaryň ata Watanymyza, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne bolan söýgülerini has-da ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz: «Watan biziň şöhratly geçmişimizdir! Watan biziň şöhratly şu günümizdir! Watan biziň şöhratly geljegimizdir!» diýip bellemek bilen, ýaşlarda watansöýüjilik duýgusyny terbiýelemegi bilim işgärleriniň öňünde wezipe edip goýdy.

Dünýä dilleri — dostluk ýollary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda uly üstünlikler gazanylyp, uly ösüşlere ýetilýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda türkmen halky Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllyk toýuna uly ruhubelentlik bilen barýar. Ýurdumyz daşary syýasatda hoşniýetli möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Ýurdumyz bilen uzak möhletli we köpugurly gatnaşyklary ýola goýmaga bildirilýän gyzyklanmalaryň artýandygy Türkmenistanyň ýöredýän «Açyk gapylar» syýasatynyň halkara ähmiýetine eýedigine şaýatlyk edýär.

Terbiýeçilik işleri döwrebap guralýar

Çaga — durmuşyň güli, Watanyň, halkyň — geljegi. Çaga — ynsanyýetiň dowamy, dowamaty. Şonuň üçin-de, çagalar bagymyzda okuw-terbiýeçilik işlerini talabalaýyk, ýokary hilli guramaga çalyşýarys. Şu maksat bilen okuw-terbiýeçilik işimize innowasion usullary, tehniki serişdeleri ornaşdyrmaga aýratyn üns berýäris. Munuň üçin çagalar bagymyzda ähli zerur şertler döredilen. Mälim bolşy ýaly, çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň öňünde çaganyň içki dünýäsini açmak, olara döwrebap terbiýe bermek, sowat öwretmek wezipesi durýar. Munuň üçin bolsa terbiýeçiler özlerine ynanylan çagalaryň her birini içgin tanamaly, onuň maşgala, durmuş şertlerine, gylyk-häsiýetine, gyzyklanmalaryna hem ymtylmalaryna belet bolmaly. Terbiýe maşgaladan başlanýar. Körpeleriň maşgalada alýan terbiýesini çagalar bagynda utgaşdyrmak terbiýeçileriň esasy wezipeleriniň biridir. Munuň üçin her bir çaga aýratynlykda çemeleşmek gerek. Ony iş ýüzünde amal etmek üçin terbiýeçiler çaganyň gylyk-häsiýetini jikme-jik öwrenýärler. Şunda terbiýeçi bilen ata-eneleriň hyzmatdaşlygy möhüm ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan biziň çagalar bagymyzda ata-eneler bilen aragatnaşyk göwnejaý derejede ýola goýuldy. Çagalar bagynyň terbiýeçileri ata-eneler bilen ýygy-ýygydan duşuşyklar, söhbetdeşlikler, ýygnanyşyklar geçirýärler. Olarda çaganyň akyl we fiziki taýdan ösüşi, gyzyklanmalary, gylyk-häsiýeti barada giňişleýin gürrüň edil

Bagtyýarlyk guwanjy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekde, olaryň işiniň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmekde, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Harby gullukçylar döwrebap, oňaýly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilip, Watan goragçylarynyň maşgalalary üçin amatly şertler döredilýär. Şonuň ýaly-da, olary hünär taýdan taýýarlamagyň ulgamy barha kämilleşdirilip, edermenlik, watansöýüjilik ýaly asylly häsiýetler nesilleriň aň-düşünjesinde nusgalyk mekdebe öwrülýär. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda hem harby talyplara ýokary hilli bilim bermek we hünär öwretmek, häzirki zaman tehnologiýalaryna, sanly bilime, öňden bar bolan tejribelere daýanyp, giň gözýetimli, sagdyn, watançy ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Türkmenistanda takyk we tebigy ylymlary okatmak, pedagogika ylmy tarapyndan işlenip taýýarlanylan okatmagyň innowasion usullaryny, häzirki zaman bilim maksatnamalaryny peýdalanmak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işlere goşant goşmak maksady bilen, institutyň mugallymlary okuw kitaplarynyňdyr gollanmalarynyň çap edilmeginde yhlasyny gaýgyrmaýarlar.