Bagtyýarlyk guwanjy

8 Dekabr 2021
884

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekde, olaryň işiniň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmekde, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Harby gullukçylar döwrebap, oňaýly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilip, Watan goragçylarynyň maşgalalary üçin amatly şertler döredilýär. Şonuň ýaly-da, olary hünär taýdan taýýarlamagyň ulgamy barha kämilleşdirilip, edermenlik, watansöýüjilik ýaly asylly häsiýetler nesilleriň aň-düşünjesinde nusgalyk mekdebe öwrülýär.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda hem harby talyplara ýokary hilli bilim bermek we hünär öwretmek, häzirki zaman tehnologiýalaryna, sanly bilime, öňden bar bolan tejribelere daýanyp, giň gözýetimli, sagdyn, watançy ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Türkmenistanda takyk we tebigy ylymlary okatmak, pedagogika ylmy tarapyndan işlenip taýýarlanylan okatmagyň innowasion usullaryny, häzirki zaman bilim maksatnamalaryny peýdalanmak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işlere goşant goşmak maksady bilen, institutyň mugallymlary okuw kitaplarynyňdyr gollanmalarynyň çap edilmeginde yhlasyny gaýgyrmaýarlar.

Amangeldi BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň harby talyby.