Asylly kärde abraý alan

13 Dekabr 2021
908

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “Başymyzyň täjine deňelýän eziz Watanymyzyň berkararlygyny, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmekde, ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp üstünlikleri ýaş nesilleriň aňyna ýetirmekde, gujur-gaýratly, ylymly, bilimli we dörediji ýaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrmakda mugallym diýen belent ada mynasyp bolan watandaşlarymyzyň hyzmaty örän uludyr” diýip, bilim işgärleriniň kyn hem-de hormatly kärine uly baha berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň atasy, mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň asylly kärini dowam etdirýän adamlar halk arasynda uly hormata mynasyp bolýarlar. Şeýle hormata mynasyplaryň biri hem Mary etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy Allaguly Babajanowdyr. Bu gün ýedinji onlugyň çetinden girip, pygamber ýaşyna ýeten Allaguly mugallym manyly ömrüniň kyrk ýylyny ösüp gelýän ýaş nesle durnukly bilim we döwrebap terbiýe bermeklige bagyş etdi.