Terbiýeçilik işleri döwrebap guralýar

9 Dekabr 2021
1307

Çaga — durmuşyň güli, Watanyň, halkyň — geljegi. Çaga — ynsanyýetiň dowamy, dowamaty. Şonuň üçin-de, çagalar bagymyzda okuw-terbiýeçilik işlerini talabalaýyk, ýokary hilli guramaga çalyşýarys. Şu maksat bilen okuw-terbiýeçilik işimize innowasion usullary, tehniki serişdeleri ornaşdyrmaga aýratyn üns berýäris. Munuň üçin çagalar bagymyzda ähli zerur şertler döredilen.

Mälim bolşy ýaly, çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň öňünde çaganyň içki dünýäsini açmak, olara döwrebap terbiýe bermek, sowat öwretmek wezipesi durýar. Munuň üçin bolsa terbiýeçiler özlerine ynanylan çagalaryň her birini içgin tanamaly, onuň maşgala, durmuş şertlerine, gylyk-häsiýetine, gyzyklanmalaryna hem ymtylmalaryna belet bolmaly. Terbiýe maşgaladan başlanýar. Körpeleriň maşgalada alýan terbiýesini çagalar bagynda utgaşdyrmak terbiýeçileriň esasy wezipeleriniň biridir. Munuň üçin her bir çaga aýratynlykda çemeleşmek gerek. Ony iş ýüzünde amal etmek üçin terbiýeçiler çaganyň gylyk-häsiýetini jikme-jik öwrenýärler. Şunda terbiýeçi bilen ata-eneleriň hyzmatdaşlygy möhüm ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan biziň çagalar bagymyzda ata-eneler bilen aragatnaşyk göwnejaý derejede ýola goýuldy. Çagalar bagynyň terbiýeçileri ata-eneler bilen ýygy-ýygydan duşuşyklar, söhbetdeşlikler, ýygnanyşyklar geçirýärler. Olarda çaganyň akyl we fiziki taýdan ösüşi, gyzyklanmalary, gylyk-häsiýeti barada giňişleýin gürrüň edilýär. Çagalara terbiýe bermek, olara ilkinji sowat öwretmek boýunça ata-enelere maslahatlar berilýär.

Ogulşeker DURDYÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.