Sanly bilimde giň mümkinçilikler

13 Dekabr 2021
977

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň tagallalarynyň netijesinde kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzda dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan täzeçil çözgütleri öz içine alýan sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Sanlylaşdyrmak milli ykdysadyýetimizi hil taýdan täze derejä çykarýar. Ýurdumyzda öýjükli aragatnaşyk, poçta, internet, telewideniýe hyzmatlary, şeýle hem aragatnaşygyň beýleki görnüşleriniň häzirki zaman ulgamlary doly ornaşdyrylyp, bu hyzmatlar her bir raýatymyza elýeterli edilýär. Bazar ykdysadyýetine geçiş şertlerinde döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak durmuş zerurlygyna öwrüldi. Innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyz döwür bilen deň gadam urmak üçin öz öňünde möhüm wezipeleriň birnäçesini goýdy. Şol bir wagtyň özünde bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegini tehniki taýdan üpjün etmek we olaryň möçberlerine laýyk gelýän düzümi döretmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy.

Ýazbibi AKYMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň sanly elektronika we elektrotehnika kafedrasynyň mugallymy.