Dil bilen dünýäni açar (Durmuş we biz)

15 Dekabr 2021
924

Adam dünýä geleninden soňra ähli zatlar bilen gyzyklanyp başlaýar. Bilimdir sowatdan ýüküni tutup, kämillige tarap ädim ädýär. Bilesigelijilik duýgusy güýçlenip, özünde ýok bolan zatlaryň üstüni dolmak pikirine gulluk edip başlaýar. Şol bilesigelijiligiň bir gyrasynda öz ene dilini ýitirmezden, «dil bilmek, öwrenmek ýaly» yhlaslar-da goşulýar-da, şahsyýetde täze dünýägaraýyşlar peýda bolýar.

Häzirki döwrüň ösen tehnologiýalarynyň giňden ýaýbaňlanýan wagtynda täze maglumatlary gözlemek, tapmak, pikiriňi paýlaşmak, habarlaşmak, iş salyşmak, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak, täsin dünýäleri açmak, täze gözýetimlere aralaşmak üçin internet aýratyn orun eýeleýär. Dünýäniň dürli dillerinde berilýän maglumatlaryň arasyndan özüňe geregiňi saýlap almak, ilkinji nobatda, okyjylaryň özüne bagly. Şeýle bolansoň bir mesele hakda gürrüň gozgalanda, «Internetde şeýle diýilýär», «Internetde şunuň ýaly ýazylgy eken» diýip, oňa salgylanýan wagtymyz az bolmaýar. Pikirler bitewüleşýär, garaýyşlar umumylaşýar. Munuň üçin maglumatlary ýetiriji ýa-da öwreniji bolsun tapawudy ýok — ilki bilen öz milli diliňi we daşary ýurt dillerini bilmek ussatlygy adamy kämillige ýetirýän ilkinji alamatlaryň biridir.

Bägül KAKALYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.