Tebigatyň waspçylary

10 Dekabr 2021
954

Günsaýyn belent sepgitleri eýeläp, bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzyň her bir güni hoş habarlara, buýsançly wakalara beslenýär. Ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, halkymyzyň ýaşaýyş gurşawyny abadanlaşdyrmak, ekologiýa arassalygyny gorap saklamak bilen bagly durmuşa geçirilýän işler diýseň guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek, milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek we düşündirmek üçin toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamaly» diýip beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň tebigata, milli we medeni mirasymyza bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen, dürli bäsleşikler geçirilýär. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Tebigaty goralyň!» ady bilen fotosurat bäsleşigini geçirdi. Ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 7 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen bu bäsleşikde Daşoguz şäherindäki ýaş fizikleriň we matematikleriň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň okuwçylary üstünlik gazandylar. Welaýat Baş bilim müdirliginde ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryna mynasyp bolan sylaglaryny gowşurmak çäresi geçirildi. Onuň dowamynda çykyş edenler tebigatymyzy, baý ekoulgamy gorap saklamakda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler barada buýsançly söhbet etdiler. Gözellige we görke baý tebigatymyzyň keşbini fotosuratlaryň üsti bilen wasp etmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşigiň döwlet tapgyrynda şol mekdebiň 8-nji synp okuwçylary Bähbit Orazalyýew baş baýraga, Gulmämmet Çopanow 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň degişli Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Ýörite habarçymyz.