Ygtybarly usullardan peýdalanmak

9 Dekabr 2021
1701

Mekdebiň başlangyç synp okuwçylaryna terbiýe bermekde matematikany öwretmegiň ähmiýeti uludyr. Matematika dersi öwredilende dürli meseleleriň mazmuny arkaly okuwçylarda Watana bolan söýgini terbiýelemek, daş-töwerekdäki geometrik şekilleri tanamak endiklerini döretmek zerurdyr. Mugallym bu dersi okadanda okuwçylaryň çalt hasaplamak we pikirlenmek endiklerini ösdürmek maksady bilen, beýleki dersler bilen sapagyny utgaşdyryp biler. Bu okuwçylaryň matematiki ukyplaryny ýüze çykarmaga, olarda her bir işe döredijilikli çemeleşmek endiklerini terbiýelemäge mümkinçilik berýär. Mugallym matematikany öwretmek bilen, okuwçylaryň akyl terbiýesiniň, ýagny pikirlenmek (intellektual) mümkinçilikleriniň artmagyna düýpli goşant goşýar.

Başlangyç synplarda sanlary öwrenmek bilen baglanyşykly bölekleýin temalar berilýär. Şolar esasynda bolsa sapaklar etaplaýyn guralýar. Okuwçylara 1-den 10-a çenli sanamagy öwretmek üçin, ilki olara 10-nyň öňündäki sanlaryň öwredilmegi zerurdyr. Mysal üçin, 1-den 3-e ýa-da 1-den 7-ä, 9-a çenli sanlar boýunça ýörite sapaklary guraýarys. Munda görkezme esbaplary ulanylsa, okuwçy üçin has düşnükli we ýatda galyjy bolýar. Meselem:

Bibi HANBEGIÝEWA,
Balkanabat şäherindäki 6-njy orta mekdebiň mugallymy.