Bilimli nesil — kuwwatly Watan

10 Dekabr 2021
1127

Ylymly ýaşlar

Ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky alada Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Ylym-bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmäge, ata-babalarymyzyň mirasyny dünýä ýaýmaga hem-de geljekki nesillere ýetirmäge döwletimiz tarapyndan aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň geljegini has ösen derejä ýetirmek üçin ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, edep-ekramly bolmagyny gazanmak möhüm meseleleriň hatarynda goýulýar.