Ösüşleriň ýolunda

15 Dekabr 2021
900

Ylym-bilim ähli üstünlikleriň başlangyjy hasaplanýar. Dana halkymyz “Ylym — şamçyrag” diýýär. Dünýä döräp, adamzadyň kemala gelmeginde ylmyň bitiren hyzmaty bimöçber hasaplanýar. Gojaman taryhyň sahypalaryna ser salanyňda, ylmyň üsti bilen açylan täsin zatlara aklyň haýran galýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylmy ösdürmäge berýän ünsi jenneti ýurdumyzy dünýä belentliklerine çykarýar.

Hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak baradaky talaplaryny giňden durmuşa geçirmek biz — bilim işgärleriniň jogapkärçiligini has-da artdyrýar. . Munuň özi öňümizde täze-täze borçlary goýýar.