"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Ýagşyny ýatlamak — parz

Hakydada ýaşaýan halypa Wagtyň ganaty bar ýaly, hiç bir zada dahylsyz, öz hasaby bilen şo-ol gidip otyr. Hawa, wagt öz emri bilen gidýär, şol bir wagtyň özünde ynsanam bu panydan bakyýa göç edýär. Bu — durmuşyň talaby. Ýöne, ýazyjynyň ýazan eserleri, il-günüň, Watanyň öňündäki bitiren hyzmatlary welin, ömürlik miras galýar, ady ýagşylykda ýatlanylýar.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Şahyryň döredijiliginde ahlak, edep-terbiýe meselesi Taryhda öçmejek yz goýan nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligi Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda yzygiderli öwrenilýär. Olar hakda ylmy işler, makalalar, kitaplar ýazylyp, gymmatly pikirler halk köpçüligine ýetirilýär. Jemşidiň jamyna deňelýän köptaraply döredijiligi bilen at-owazasy äleme meşhur bolan beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligi babatynda bolsa, dünýä halklarynyň arasynda hem-de ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Şahyryň pedagogik garaýyşlary, edep-terbiýe hakdaky pikirleri ýaşlary terbiýelemekde nusgalyk mekdep bolup, çuň we köptaraply öwüt-ündewleri ýaş nesilleriň aňyna guýulýar.

Edebiýatyň göwher täji

Türkmen edebiýaty barada gürrüň gozgalanda, her bir türkmen adamsynyň göz öňünde Magtymguly Pyragy janlanýar. Şu döwre çenli ýazyjy--şahyrlarymyz, edebiýatçy alymlarymyz tarapyndan onlarça, hatda ýüzlerçe oý-pikirler öňe sürlen hem bolsa, şahyryň döredijiligi doly derejede çözlenmedik mesele bolup galýar. Şahyryň şygryýet dünýäsine aralaşanyňda kalbyňda täsin duýgular peýda bolýar. Magtymgulynyň döredijilik lirikasy umman mysaly gözýetmezdir, deňiz mysaly çuňdur we giňdir. Ussat şahyryň her bir setirlerini, many-mazmuna baý şygyrlaryny okanyňda, kalbyňa rahatlyk aralaşýar. Seriňde oý-pikirler aýlanyp başlaýar. Şol mahal “Ine, hakyky poeziýa” diýeniňi duýman galýarsyň. Çuňňur mana ýugrulan her bir setiri, atalar sözüni ýadyňa salýan jümleleri aklyňy haýran edýär. Çuň mana eýlenen setirleri şygryň kämilligini has-da artdyrýar.

Saçakdaky nan — aýdym hem mukam

Goňşymyz ogluny öýerýärdi. Toýuň öň ýanynda aýal-gyzlar nan ýapmak, pişme, gatlama bişirmek bilen başagaýdylar. Supranyň ortarasynda tümmek bolup duran ak uny görenimde, meniň çagalyk döwrümdäki bir waka ýadyma düşdi. Bir gezek garryja mamam ýanyna çagyryp, unaş bişirmek üçin maňa hamyr ýugurmagy tabşyrdy. Şol wagtlar men 7-8 ýaşlarymdadym. Biraz ýaýdanýandygymy duýan mamam, ilki bilen, arassaja jama duz atyp, ýylymsy suw guýdy-da, maňa goşawuçlap un salmagy tabşyrdy. Unuň içine mamam 5-6 sany bugdaý dänesini-de oklap goýberdi. Näçe janyksam-da hamyrymy hiç wagtynda garyp bilmän, gara der boldum. Ýöne muny mamama duýdurmajak bolýardym. Ol: «Hamyryň suwuny aldyran bolsaň, ýumruklap garyber, indi güýjüňi görkezmeli bolarsyň» diýdi. Hamyry ýugrup durşuma, mamama: «Boldumy?» diýip ýüzlensem, ol: «Hamyryň taýyn bolsa ýaňky bugdaýlar çykyp başlar» diýdi.

Bir belent ykbal sen illere, bedew!

Milli gymmatlyklarda halkyň ýürek owazy, köňül senasy hem-de ruhy ahwaly jemlenýär. Olar halkyň halk, milletiň millet bolmagynda uly orun eýeleýärler. Milli gymmatlyk hökmünde aýalyp-apalanýan hem-de sarpalanýan ahalteke bedewleri hakynda pikirleneniňde muňa has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «At türkmen ruhunyň bir bölegi däl-de, onuň özenidir» diýip, örän jaýdar belleýär. Dogrudan hem geçmişe ser salanyňda, bedew atyň türkmen durmuşy bilen arabaglanyşygynyň näderejede berk, niçiksi pugta bolandygyna göz ýetirmek kyn däl. Bu ýerde ynsan bilen tebigatyň arasynda bolşy ýaly, ynsan bilen bu behişdi janawaryň arasyndaky ruhy baglanyşyk äşgär bolýar. «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýip, bedew atyny arzylaýan türkmen toý gününde şatlygyna şärik, ýow gününde ýanbermez ýoldaş, hemişe we her ýerde ýürekdeş, syrdaş hasaplan bu jandary neneň arzylamasyn?! Türkmen maşgalasynyň bir agzasy ýaly görlüp, söýgi bilen beslenen, mähir bilen idedilen bedewler neneň söýülmesin?! Türkmeniň «At agynan ýerde toý bolar» diýen jümlesi hem onuň öz bedewini söýgüledigidir, arzyladygydyr.

Bilseň nesihatdyr...

Türkmen halky islendik döwürde nesil terbiýesine örän uly ähmiýet beripdir. Halk arasynda giň ýaýran «Bal süýji, baldan-da bala», «Çagany — ýaşdan, edebi başdan» diýen pähimlerde-de bu hakykat aýdyň görünýär. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýesindäki nusgalyk mekdebiniň ähmiýeti häzirki döwürde-de uludyr. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndaky pent-nesihatlar bolsa, ýaşlara ýol görkezýän şamçyragdyr. Magtymguly Pyragy öwüt-ündewe ýugrulan döredijiligi bilen ýaş nesli terbiýelemegiň nusgalyk mekdebini döredipdir. Şahyryň döredijiligindäki ýaş nesle edep-terbiýe bermek üçin ulanylan öwüt-ündewler mazmun taýdan çuňlugy, görnüş taýdan bolsa köpdürlüligi bilen tapawutlanýar.

Tamdyr — agzybirligiň nyşany

Halkymyzda tamdyra hemişe mukaddeslik hökmünde garalýar. Tamdyry salmak, ýasamak üçin sähetli gün bellenilipdir. Onuň palçygy arassa toýundan taýýarlanylypdyr. Palçyk laýyna duz, saman, halynyň gyryndysy, geçiniň çöpüri, ýylgynyň püri ýaly zatlar berklik üçin goşulypdyr. Şeýle goşundylar bilen salnan tamdyr juda berk bolupdyr. Ata-babalarymyz tamdyry agzybirligiň, halallygyň, arassalygyň, milliligiň nusgasy hasap edipdirler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabyndaky: «Ir döwürlerde türkmen obasynyň deňinden geçip barýan ötegçi ilki bilen ondaky tamdyrlara syn edipdir. Sebäbi, eger-de obada her syrgynda ýa-da her ýerräkde bir tamdyr bar bolsa, bu obanyň agzybirligini aňladypdyr» diýen sözlerini okanyňda hem agzybirligiň nyşany bolan mukaddes tamdyra bolan guwanjyň, buýsanjyň has-da artýar.

Beýik Ýeňşiň gadyry

Türkmen halky ozal-ebetde «Goç ýigit söweşde belli», «Söweş güni goç ýigitde müýn bolmaz», «Uruş ite ýagşy» ýaly pähim-parasatly jümleler arkaly rahatlygy, agzybirligi, asudalygy ýüregi bilen isleýändigini aýdypdyr. Özleriniň dawa-jenjeli ret edýändigini nakyllaryň, atalar sözleriň süňňüne siňdiripdir. Nägehan urşuň şygryýetde şöhlelenişi hakynda aýdanymyzda, Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy Mälikguly aganyň «Ýeňiş biziňki bolar», «Uruş bolmasyn» goşgularyny, Milli Liderimiziň Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli döreden «Durnalar» aýdymy barada ýatlama» atly şygryny ýatlamak bolar. Türkmen gerçekleri taryhda ençeme gezek ata Watan, mukaddes toprak üçin şirin janyny orta goýdular. 1418 güne çeken 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda hem merdana ýigitlerimiz Beýik Ýeňşiň hatyrasyna gaýduwsyzlygyň, watanperwerligiň belent nusgasyny görkezdiler. Gurban Durdyýew, Pena Rejebow, Allaberdi Agalyýew, Aýdogdy Tahyrow ýaly batyr gerçeklerimizi il içinde tanamaýan ýokdur. Bu günki gün Beýik Watançylyk urşunda şirin janlaryny gurban eden türkmenistanly gahrymanlarymyzyň atlary «Hatyra», gazaply söweşden sag-aman ojagyna ýeňiş bilen dolanan edermen ildeşlerimiziň atlary bolsa «Şöhrat» kitabynda halk minnetdarlygynyň nyşany hökmünde ýatlanýar. Olaryň hormatyna Aşgabat şäherinde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy bina edildi. Eziz Diýarymyzyň welaýatlarynda, şäherdir etraplarynda

Ata Salyhyň doglan gününiň 115 ýyllygyna

Türkmenistanyň halk şahyryna bagyşlandy Ýakynda Baýramaly şäherindäki 17-nji orta mekdepde “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” esasynda okuwçylaryň ylym-bilim başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen “Dünýä edebiýatynda basnýalaryň terbiýeçilik ähmiýeti” ady bilen dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda türkmen basnýasynyň beýik ussady Ata Salyhyň basnýalary we olaryň terbiýeçilik ähmiýeti giňden nygtaldy. Oňa mekdebiň mugallymlary, okuwçy ýaşlary, bilim ulgamyndan wekiller gatnaşdylar.

Barça ýürek Watan bilen baglydyr

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak baradaky Karary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watan üçin beýik işleri bitiren ynsanlaryň sarpasynyň hemişe belent derejede saklanýandygyny dabaralandyrdy. Alym Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlary, «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly eserleri we «Durnalar» atly goşgusy Watan gahrymanlarynyň belent sarpasyna halkyň hakydasynda dikilen ajaýyp heýkellerdir.

Türkmen topragynyň gudraty bedew

Türkmeniň adyny yklymlara meşhur eden milli gymmatlyklarymyzyň biri ahalteke bedewlerimizdir. Zyba keşbini keremli türkmen topragynyň gözelliginden alan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň başynyň täjidir, milli buýsanjydyr. Ahalteke bedewleri ähli döwürlerde türkmeniň myrady, uçar ganaty bolupdyr. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýokary guramaçylykda bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy halkymyzyň taryhy dostunyň belent sarpasynyň nyşanydyr. Bäş müňýyllyk taryhy ýolunda nepis halysy, owazy ýürekleri heýjana getirýän dutary, wepadar alabaýy bilen bir hatarda, ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty halkymyzyň mertebesine mertebe goşupdyr. Türkmen bedewine goýulýan sarpa biziň dessanlardyr rowaýatlarymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. «Görogly» eposyny okanyňda, türkmen ýigitleriniň behişdi bedewlerimiziň waspyny belentden-belent dabaralandyrmagynyň sebäplerine göz ýetirýäris.

Atly gerçege müdimi şan-şöhrat bolsun!

Bilşimiz ýaly, 29-njy aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadagly Serdarymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda  açylyp  ulanylmaga berlen Türkmenistanyň  harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toplumynda halypa çapyksuwarlaryň bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde ýurdumyzyň Içeri işler ministrligine degişli Keýmirkör we Aýgül atly bedewleriň nesli bolan Kömek atly dor bedew ýeňiji boldy. Ýeňiş gazanan halypa çapyksuwar, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň atly gözegçilik toparynyň seýsi Ýeňişmyrat Nazarmyradowa hormatly Prezidentimiziň adyndan «Toyota Сamry» kysymly awtoulagyň açary gowşuryldy.

Beýik ýeňşiň şanyna

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan ýurdumyzyň halypa ýazyjy-şahyrlary Naryman Jumaýew, Pomma Nurberdi, Çary Aşyrow, Aşyr Nazarow dagy söweş meýdanlarynda türkmen esgerleriniň görkezen gahrymançylygyna bagyşlap ençeme eserleri döretdiler. Bu suratda eserleri häli-häzire çenli söýlüp okalýan frontçy ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijilik duşuşygy şöhlelendirilýär (1965 ý.).

Ýigide gaýratdyr bedew

Behişdi bedewler okgunly ösýän Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr. Bu bolsa ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk sportunda geçen şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmek, olaryň başarnyklaryny doly açmak üçin täze mümkinçilikleri emele getirýär. Bedewleriň tebigy gözelligi olaryň çalasynlygy, wepadarlygy hem-de aýratyn başarnyklary köp asyrlaryň dowamynda şahyr we suratkeşler üçin ylham çeşmesi boldy. Mälim bolşy ýaly, gönüden-göni Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklarynyň guralmagy ýola goýuldy. Munuň özi ýaş ýetginjekleriň bedew münmäge, at çapmaga bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak bilen bir hatarda, milli çapyksuwarlyk däpleriniň üstünlikli dowam etdirilmegini we ol ýörelgeleriň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirýär.

Döwrüň uçar ganaty

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň ösüşlerine bedew badyny berýär. Syýasatda, ykdysadyýetde, bilimdir saglygy goraýyşda, medeniýetdir sportda asyrlara barabar ösüşler amal edilýär. Ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň ugurbaşy tohumlaryny seýisläp ýetişdiren meşhur seýisleriň tagallasy bilen, bedewlerimiziň gözellik keşbi, ýyndamlygy, syzgyrlygy, duýgurlygy, eýesine wepalylyk häsiýeti saklanylyp, ösdürilip gelindi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, 2010-njy ýylda ştab-kwartirasy paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Assosiasiýa özüne dünýä ýurtlarynda ahalteke atlaryny seýisläp, idedip ýetişdirýän assosiasiýalary, hususy taraplary, atşynaslary birleşdirdi. Şeýlelikde, ahalteke bedewlerini gorap saklamak, olaryň baş sanyny köpeltmek, tohumçylyk-seleksiýa işlerinde özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berdi.

Ýüregimde ebedilik aýdym sen

Ahalteke bedewleri türkmeniň guwanjy, milli buýsanjydyr. Türkmen bedewlerini eý görüp, olara uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň «Bedew» atly goşgusynda: Ýüregimde ebedilik aýdym senWaspyň sena boldy, dillere bedew!

Milli gymmatlyklara buý­sanç

Mer­da­na ata-ba­ba­la­ry­my­zyň «Çyn be­dew­ler meý­da­nyn­da bel­li­dir» di­ýen pa­ra­sat­ly söz­le­ri ar­ka­ly türk­men dur­mu­şyn­da onuň tut­ýan or­ny tä­sir­li be­ýan edi­lip­dir. Hal­ky­myz be­dew aty­na söý­gü­si­ni my­da­ma kal­by­nyň tö­rün­de sak­lap­dyr. At döw­let­li­li­giň ny­şa­ny ha­sap­la­nyp­dyr. Türk­men­le­riň ga­dy­my se­ne­na­ma­syn­da on iki ýy­lyň her ýy­ly bi­ri ýyl­ky ýy­ly­dyr. Bu ýyl aba­dan­çy­ly­gyň, rys­gal-be­re­ke­diň, ösü­şiň ýy­ly ha­sap­la­nyp­dyr. Ga­dy­my dö­wür­den bä­ri ata-ba­ba­la­ry­myz aty bo­lan öýi döw­let­li, rys­gal-be­re­ket­li ha­sap­lap­dyr. Türk­men toý­la­ryn­da at­ly oýun­lar to­ýuň şow­hu­ny­ny has-da art­dy­ryp­dyr. Adam­lar­da pa­ra­hat dur­mu­şa, spor­ta bo­lan hö­we­si dö­re­dip­dir.

Seçelener silkme telpek

Türkmen halkynyň döreden ajaýyp, milli gymmatlyklary sanardan köp. Olar gadymy döwürlerde döräp, nesilden-nesle geçip, biziň şu günlerimize gelip ýetip, mukaddesliklere öwrülipdir. Şolaryň iň esasylarynyň biri bolsa, türkmeniň silkme telpegidir. Telpek hakynda söz açylanda, ilki bilen, onuň owadanlygyny, her bir geýen adama üýtgeşik gelşik berýändigini aýtmak gerek. Başy silkme telpekli türkmen gojalary diňe bir ata Watanymyzyň däl, eýsem, olar her bir şäher-obanyň, öý-ojagyň, toýuň, kalbyň bezegi. Türkmenlerde bir geňeş bolsa «Telpeklä» sala salnyp görülýär, onuň maslahaty alynýar. «Öýüň telpeklisi», «Bir telpekli bolsa daş çykawersin», «Telpekliden sorap göreris», ahyrynda-da, «Şol telpeklä aýdyp göreli» diýen söz düzümleriniň ählisi öýüň erkek kişisi bilen baglanyşykly aýdylana meňzeýär. Öýde «telpekliniň barlygy» maşgalabaşynyň entek näme diýjekdigine garaşylýandygynyň alamaty. Erkek kişi – maşgalanyň abraýyny, mertebesini, namysyny başyna göterýän adam. Şonuň üçin hem ol synmaz gaýratly we giň göwrümli bolmaly. Şeýlelikde, başa telpek geýmegiň özboluşly şertleri ýüze çykýar. Ol milli gylyk-häsiýetlerimizi has giňden teswirlemäge mümkinçilik berýär. Ýaşulular başa gelşik berýän telpegi tikmegi-de, özleri ýerine ýetiripdirler. Telpek tikmek üçin seçelenip duran buýra tüýli deriler saýlanyp alynýar. Deriler tebigy reňkine laýyklykda, gara, goňur, ak, mele reňkde bolýar

«Gyrat, meni Çandybile sen ýetir»

Türkmen halk sungatyna ser salanyňda, bedew waspy ýetirilen aýdym-sazlaryň köpüsi «Görogly» şadessanyndan alnan. Munuň düýp sebäbi «Görogly» şadessany türkmen durmuşynyň aýdyň beýany bolup durýar. Halypa bagşylar Nurberdi Gulowyň «Gyrat, meni Çandybile sen ýetir», Patyşaguly Girmanowyň «Neçüýn durman aýlanar sen», Döwletgeldi Ökdürowyň «Gyratym girse meýdana» diýen ýaly bedew hakyndaky aýdymlar bagşyçylyk ýolunyň ählisinde – ahal-damana, salyr-saryk, ýomut-gökleň, daşoguz ýollarynda ýerine ýetirilip gelýär. «Bedew», «Bedewler», «Şirleriň bardyr», «Ýigide», «Ýoluksa», «Pereňde Gyratyň owazy geldi», «Bedew atly, demir donly Görogly» ýaly aýdymlar bagşylaryň dilinden düşmän gelýär. «At çapar», «Atlyk», «Göroglynyň at oýnadyşy» ýaly sazlar bolsa, gönüden-göni behişdi bedewlerimiz bilen baglanyşyklydyr. Bedew hakdaky aýdymlar, sazlar «Görogly» şadessanynyň wakalarynyň jümmüşinden gözbaş alýar. Munuň özi bu aýdym-sazlaryň has gadymy döwürlerde döräp, bagşylaryň, ozanlaryň tagallasy bilen (dessançylyk däbinde) dillerden dillere, asyrlardan asyrlara geçip gelendigine şaýatlyk edýär. Halk döredijiliginiň bedew hakyndaky aýdym-sazlary häzirki zaman mukamçy kompozitorlarymyzyň hem ylhamyny joşdurýar. Bedew waspy ýetirilen aýdymlaryň hersiniň öz häsiýet aýratynlygy ýüze çykarylypdyr. Ol aýdym-sazlar bir-birinden mazmun taýdan hem tapawutlanýar. Aýdymlaryň bir böleginde bedewleriň gözellig

Çyrpy

Türkmen zenany gündelik durmuş hysyrdylarynyň daşyndan keçe basmak, haly dokamak, keşde çekmek bilen meşgullanmagy özüne kesp edinendir. Zenanlarymyzyň döreden her bir senedi asyrlarboýy kämilleşip, senetlikden sungat derejesine göterilipdir. Gyz-gelinleriň on barmagynyň hünärinden dörän, sabyrlylygy, zähmetsöýerligi, egsilmez yhlasy, çeperçilik ussatlygyny talap edýän türkmen keşdeçilik sungaty ençeme asyrlaryň tejribesini özünde jemleýän sungat eseridir. Halydan soň, türkmeniň keşdeçiligi dünýä ýaýlan sungatlaryň seresidir. Pileden çekilen arassa ýüpekleri ýörite agaç keleplerde ilki kelepläp, soň bolsa sabynlap, gowy ýuwup agardypdyrlar. Keleplenen ýüpekleri tebigy boýaglara: nar gabygyna, çöpboýanyň köküne, soganyň ýa-da hozuň gabygyna we beýlekilere boýapdyrlar. Keşde çekiljek ýüpekleri üç gatdan işipdirler. Pileden çekilen ýüpekler özüniň üýtgeşik öwüşgini, reňkleriniň sazlaşygy bilen tapawutlanýar. Arassa ýüpekden keşdelenen nagyşlar örän berk bolýar. Üstünden ýyllar geçip, asyrlar aşsa-da, keşdeler edil şu gün keşdelenen ýaly lowurdap dur.