Edebiýatyň göwher täji

10 Maý 2023
415

Türkmen edebiýaty barada gürrüň gozgalanda, her bir türkmen adamsynyň göz öňünde Magtymguly Pyragy janlanýar. Şu döwre çenli ýazyjy--şahyrlarymyz, edebiýatçy alymlarymyz tarapyndan onlarça, hatda ýüzlerçe oý-pikirler öňe sürlen hem bolsa, şahyryň döredijiligi doly derejede çözlenmedik mesele bolup galýar. Şahyryň şygryýet dünýäsine aralaşanyňda kalbyňda täsin duýgular peýda bolýar.

Magtymgulynyň döredijilik lirikasy umman mysaly gözýetmezdir, deňiz mysaly çuňdur we giňdir. Ussat şahyryň her bir setirlerini, many-mazmuna baý şygyrlaryny okanyňda, kalbyňa rahatlyk aralaşýar. Seriňde oý-pikirler aýlanyp başlaýar. Şol mahal “Ine, hakyky poeziýa” diýeniňi duýman galýarsyň. Çuňňur mana ýugrulan her bir setiri, atalar sözüni ýadyňa salýan jümleleri aklyňy haýran edýär. Çuň mana eýlenen setirleri şygryň kämilligini has-da artdyrýar.