Bir belent ykbal sen illere, bedew!

9 Maý 2023
435

Milli gymmatlyklarda halkyň ýürek owazy, köňül senasy hem-de ruhy ahwaly jemlenýär. Olar halkyň halk, milletiň millet bolmagynda uly orun eýeleýärler. Milli gymmatlyk hökmünde aýalyp-apalanýan hem-de sarpalanýan ahalteke bedewleri hakynda pikirleneniňde muňa has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «At türkmen ruhunyň bir bölegi däl-de, onuň özenidir» diýip, örän jaýdar belleýär. Dogrudan hem geçmişe ser salanyňda, bedew atyň türkmen durmuşy bilen arabaglanyşygynyň näderejede berk, niçiksi pugta bolandygyna göz ýetirmek kyn däl. Bu ýerde ynsan bilen tebigatyň arasynda bolşy ýaly, ynsan bilen bu behişdi janawaryň arasyndaky ruhy baglanyşyk äşgär bolýar. «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýip, bedew atyny arzylaýan türkmen toý gününde şatlygyna şärik, ýow gününde ýanbermez ýoldaş, hemişe we her ýerde ýürekdeş, syrdaş hasaplan bu jandary neneň arzylamasyn?! Türkmen maşgalasynyň bir agzasy ýaly görlüp, söýgi bilen beslenen, mähir bilen idedilen bedewler neneň söýülmesin?! Türkmeniň «At agynan ýerde toý bolar» diýen jümlesi hem onuň öz bedewini söýgüledigidir, arzyladygydyr.

Mamagül BARATOWA,
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 5-nji ýörite umumybilim berýän mekdep-internatynyň mugallymy.