Çyrpy

2 Maý 2023
604

Türkmen zenany gündelik durmuş hysyrdylarynyň daşyndan keçe basmak, haly dokamak, keşde çekmek bilen meşgullanmagy özüne kesp edinendir. Zenanlarymyzyň döreden her bir senedi asyrlarboýy kämilleşip, senetlikden sungat derejesine göterilipdir. Gyz-gelinleriň on barmagynyň hünärinden dörän, sabyrlylygy, zähmetsöýerligi, egsilmez yhlasy, çeperçilik ussatlygyny talap edýän türkmen keşdeçilik sungaty ençeme asyrlaryň tejribesini özünde jemleýän sungat eseridir. Halydan soň, türkmeniň keşdeçiligi dünýä ýaýlan sungatlaryň seresidir.

Pileden çekilen arassa ýüpekleri ýörite agaç keleplerde ilki kelepläp, soň bolsa sabynlap, gowy ýuwup agardypdyrlar. Keleplenen ýüpekleri tebigy boýaglara: nar gabygyna, çöpboýanyň köküne, soganyň ýa-da hozuň gabygyna we beýlekilere boýapdyrlar. Keşde çekiljek ýüpekleri üç gatdan işipdirler. Pileden çekilen ýüpekler özüniň üýtgeşik öwüşgini, reňkleriniň sazlaşygy bilen tapawutlanýar. Arassa ýüpekden keşdelenen nagyşlar örän berk bolýar. Üstünden ýyllar geçip, asyrlar aşsa-da, keşdeler edil şu gün keşdelenen ýaly lowurdap dur.

Nurgözel ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.