Milli gymmatlyklara buý­sanç

2 Maý 2023
701

Mer­da­na ata-ba­ba­la­ry­my­zyň «Çyn be­dew­ler meý­da­nyn­da bel­li­dir» di­ýen pa­ra­sat­ly söz­le­ri ar­ka­ly türk­men dur­mu­şyn­da onuň tut­ýan or­ny tä­sir­li be­ýan edi­lip­dir. Hal­ky­myz be­dew aty­na söý­gü­si­ni my­da­ma kal­by­nyň tö­rün­de sak­lap­dyr. At döw­let­li­li­giň ny­şa­ny ha­sap­la­nyp­dyr. Türk­men­le­riň ga­dy­my se­ne­na­ma­syn­da on iki ýy­lyň her ýy­ly bi­ri ýyl­ky ýy­ly­dyr. Bu ýyl aba­dan­çy­ly­gyň, rys­gal-be­re­ke­diň, ösü­şiň ýy­ly ha­sap­la­nyp­dyr. Ga­dy­my dö­wür­den bä­ri ata-ba­ba­la­ry­myz aty bo­lan öýi döw­let­li, rys­gal-be­re­ket­li ha­sap­lap­dyr.

Türk­men toý­la­ryn­da at­ly oýun­lar to­ýuň şow­hu­ny­ny has-da art­dy­ryp­dyr. Adam­lar­da pa­ra­hat dur­mu­şa, spor­ta bo­lan hö­we­si dö­re­dip­dir.

Ga­dyr AMAN­DUR­DY­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.