Tamdyr — agzybirligiň nyşany

9 Maý 2023
411

Halkymyzda tamdyra hemişe mukaddeslik hökmünde garalýar. Tamdyry salmak, ýasamak üçin sähetli gün bellenilipdir. Onuň palçygy arassa toýundan taýýarlanylypdyr. Palçyk laýyna duz, saman, halynyň gyryndysy, geçiniň çöpüri, ýylgynyň püri ýaly zatlar berklik üçin goşulypdyr. Şeýle goşundylar bilen salnan tamdyr juda berk bolupdyr.

Ata-babalarymyz tamdyry agzybirligiň, halallygyň, arassalygyň, milliligiň nusgasy hasap edipdirler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabyndaky: «Ir döwürlerde türkmen obasynyň deňinden geçip barýan ötegçi ilki bilen ondaky tamdyrlara syn edipdir. Sebäbi, eger-de obada her syrgynda ýa-da her ýerräkde bir tamdyr bar bolsa, bu obanyň agzybirligini aňladypdyr» diýen sözlerini okanyňda hem agzybirligiň nyşany bolan mukaddes tamdyra bolan guwanjyň, buýsanjyň has-da artýar.

Maýsa TAGAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.