Ýigide gaýratdyr bedew

3 Maý 2023
526

Behişdi bedewler okgunly ösýän Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr. Bu bolsa ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk sportunda geçen şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmek, olaryň başarnyklaryny doly açmak üçin täze mümkinçilikleri emele getirýär. Bedewleriň tebigy gözelligi olaryň çalasynlygy, wepadarlygy hem-de aýratyn başarnyklary köp asyrlaryň dowamynda şahyr we suratkeşler üçin ylham çeşmesi boldy.

Mälim bolşy ýaly, gönüden-göni Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklarynyň guralmagy ýola goýuldy. Munuň özi ýaş ýetginjekleriň bedew münmäge, at çapmaga bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak bilen bir hatarda, milli çapyksuwarlyk däpleriniň üstünlikli dowam etdirilmegini we ol ýörelgeleriň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirýär.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.