Bilseň nesihatdyr...

9 Maý 2023
488

Türkmen halky islendik döwürde nesil terbiýesine örän uly ähmiýet beripdir. Halk arasynda giň ýaýran «Bal süýji, baldan-da bala», «Çagany — ýaşdan, edebi başdan» diýen pähimlerde-de bu hakykat aýdyň görünýär. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýesindäki nusgalyk mekdebiniň ähmiýeti häzirki döwürde-de uludyr. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndaky pent-nesihatlar bolsa, ýaşlara ýol görkezýän şamçyragdyr.

Magtymguly Pyragy öwüt-ündewe ýugrulan döredijiligi bilen ýaş nesli terbiýelemegiň nusgalyk mekdebini döredipdir. Şahyryň döredijiligindäki ýaş nesle edep-terbiýe bermek üçin ulanylan öwüt-ündewler mazmun taýdan çuňlugy, görnüş taýdan bolsa köpdürlüligi bilen tapawutlanýar.

Batyr KULIÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.