Atly gerçege müdimi şan-şöhrat bolsun!

4 Maý 2023
514

Bilşimiz ýaly, 29-njy aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadagly Serdarymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda  açylyp  ulanylmaga berlen Türkmenistanyň  harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toplumynda halypa çapyksuwarlaryň bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşikde ýurdumyzyň Içeri işler ministrligine degişli Keýmirkör we Aýgül atly bedewleriň nesli bolan Kömek atly dor bedew ýeňiji boldy. Ýeňiş gazanan halypa çapyksuwar, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň atly gözegçilik toparynyň seýsi Ýeňişmyrat Nazarmyradowa hormatly Prezidentimiziň adyndan «Toyota Сamry» kysymly awtoulagyň açary gowşuryldy.

Meýlismyrat ORAZMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň uly gözegçisi, içerki gullugyň kapitany.