Beýik Ýeňşiň gadyry

9 Maý 2023
584

Türkmen halky ozal-ebetde «Goç ýigit söweşde belli», «Söweş güni goç ýigitde müýn bolmaz», «Uruş ite ýagşy» ýaly pähim-parasatly jümleler arkaly rahatlygy, agzybirligi, asudalygy ýüregi bilen isleýändigini aýdypdyr. Özleriniň dawa-jenjeli ret edýändigini nakyllaryň, atalar sözleriň süňňüne siňdiripdir. Nägehan urşuň şygryýetde şöhlelenişi hakynda aýdanymyzda, Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy Mälikguly aganyň «Ýeňiş biziňki bolar», «Uruş bolmasyn» goşgularyny, Milli Liderimiziň Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli döreden «Durnalar» aýdymy barada ýatlama» atly şygryny ýatlamak bolar.

Türkmen gerçekleri taryhda ençeme gezek ata Watan, mukaddes toprak üçin şirin janyny orta goýdular. 1418 güne çeken 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda hem merdana ýigitlerimiz Beýik Ýeňşiň hatyrasyna gaýduwsyzlygyň, watanperwerligiň belent nusgasyny görkezdiler. Gurban Durdyýew, Pena Rejebow, Allaberdi Agalyýew, Aýdogdy Tahyrow ýaly batyr gerçeklerimizi il içinde tanamaýan ýokdur. Bu günki gün Beýik Watançylyk urşunda şirin janlaryny gurban eden türkmenistanly gahrymanlarymyzyň atlary «Hatyra», gazaply söweşden sag-aman ojagyna ýeňiş bilen dolanan edermen ildeşlerimiziň atlary bolsa «Şöhrat» kitabynda halk minnetdarlygynyň nyşany hökmünde ýatlanýar. Olaryň hormatyna Aşgabat şäherinde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy bina edildi. Eziz Diýarymyzyň welaýatlarynda, şäherdir etraplarynda hem şeýle ýadygärlikleriň birnäçesi bar.

Gurbanmyrat SARYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.